Häzirki wagtda öý hojalyk we senagat galyndylary dürli maksatlar bilen gaýtadan çig mal hökmünde peýdalanylýar. Bu ýagdaý diňe energiýa we çig mal üçin sarp edilýän harajatlary tygşytlamaga däl, eýsem, daşky gurşawyň hapalanmagynyň öňüni almaga hem ýardam edýär. Ýük awtoulaglaryny öndürýän “Travero” kompaniýasyna degişli bolan “REGEN Fiber” atly şereket ýel turbinalarynyň ulanyşdan galan perleriniň gaýtadan peýdalanmagy ýola goýdy. Bu önümler asfalt, plita, beton gurnamalary ýaly gurluşykda ulanylýan önümleriň berkligini ýokarlandyrmakda ulanylýar. “REGEN Fiber” bu taslamany geçen ýyl synagdan geçirip başlady. Amerikan kompaniýasy Aýowa ştatynyň Des Moines şäherindäki önümçilik desgasynda beton önümlerini öndürip başlady. bu ýerde ýylyň ikinji ýarymynda täjirçilik maksatly önümçilik ýola goýlar. Häzirki wagtda ştatyň Sidar Rapids şäheriniň günorta-günbataryndaky täze desga gurulýar. Bu desgada ulanyşdan galan ýel beketleriniň perlerinden mikrofiberleri we dürli goşundylary öndüriler. Bu önümler, esasan, topraga durnukly gurluşyk materiallaryndna ybarat. Önümçilik doly ýola goýlandan soň, “REGEN Fiber” her ýylda 30 müň tonnadan gowrak ýel turbina perlerini gaýtadan işlär.
Agamyrat Akiýew, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň tаlyby.
PDF









