Fransiýanyň «Michelin» kompaniýasy ýük gämilerine gurnap bolýan gämi ýelkenlerini işläp taýýarlady. Äpet ýelken ýeliň ugruny we tizligini ölçeýän sensorlar bilen enjamlaşdyrylandyr. Nusgalyk görnüşi taýýarlanan ýelken dolulygyna awtomat usulda işleýär. Geljek ýyldan başlap köpçülikleýin önümçiligi ýola goýuljak ýelken ýük gämileriniň çykdajylaryny azaltmaga ýardam eder. Şeýle hem bu çözgüt tebigata ýetirilýän zyýany hem azaldar. Işlenip taýýarlanan nusgalyk ýelken 12 metrlik gämide synagdan geçirildi. Indiki ýyldan başlap bu ýelkenleriň uly görnüşlisi peýda bolar. Bu tehnologiýa gäminiň ýangyjyny 20 göterime çenli tygşytlamaga ýardam eder. Ýelken gämi köpriniň aşagyndan geçende ýa-da porta ýanaşanda ýygnalyp kiçelýär. Kompaniýanyň taslamalar boýunça ýolbaşçysy Benoýt Dailliez deňiz gatnawynda howa ýetirilýän zyýany azaltmagy maksat edinýändiklerini, geljekde «ýaşyl» çözgütlere islegiň artjakdygyny belledi.
Atajan Baýramow,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.