19-21-nji awgust aralygynda täsin astronomik hadysa bolup geçdi. Aý Ýere has ýakyn, uly we ýagty göründi. Astronomlar mundan soňra şeýle hadysanyň 2037-nji ýylyň ýanwar aýynda boljakdygyny belleýärler. Şeýle hadysany 1979-njy ýylda astrolog Riçard Nolle «Super Aý» diýip atlandyrýar. Şeýle ýagdaý dolan Aýyň Ýere iň ýakyn bolan wagty ýüze çykýar. Bu söz astronomik adalga bolmasa-da, asman giňişligine syn edýän höwesjeňleriň arasynda ulanylýar. Şeýle ýagdaýda Aý adatdakydan 30 göterim uly bolup görünýär.