ABŞ-nyň futbol çempionaty MLS-iň 30-njy möwsüminiň çempiony “Inter Maýami” topary boldy. MLS Kubogyny eýelemek ugrundaky final duşuşygynda “Inter Maýami” topary “Wankuwer Waýtkäps” toparyndan 3-1 hasabynda üstün çykdy. Maýamide oýnalan duşuşykda ýer eýeleri 8-nji minutda Edier Okamponyň awtogoly bilen 1-0 hasabynda öňe saýlandy. Duşuşygyň 60-njy minutynda Ali Ahmed hasaby deňledi. Ýöne oýnuň ahyrlarynda super ýyldyz Lionel Messi jylawy ele alyp, toparynyň ýeňiş gazanmagynda baş roly ýerine ýetirdi. 77-nji minutda Messiniň ajaýyp pasyndan soň watandaşy Rodrigo de Pol hasaby 2-1-e ýetirdi. Duşuşygyň 90+6-njy minutynda bolsa ýene-de Messiniň asisti bilen bu gezek başga bir argentinaly Tadeo Aliende tapawutlanyp, oýna soňky nokady goýdy. Şunlukda, 3-1 hasabynda ýeňiş gazanan “Inter Maýami” topary özüniň gysga taryhynda ilkinji gezek MLS-iň Kubogyny, ýagny ABŞ-nyň çempionatynyň ýeňijisi bolmagy başardy.
Duşuşykdan soň Lionel Messi MLS Kubogynyň iň gymmatly oýunçysy diýlip saýlandy. “Inter Maýami” topary bu kubogy eýelän 16-njy klub hökmünde hasaba alyndy.
Şeýle-de bu kubok Lionel Messiniň karýerasy boýunça gazanan 48-nji kubogy boldy. Ol futbolyň taryhyndaky iň köp çempionlyk kubogyny gazanan futbolçydyr.
PDF









