Amerikanyň Milli hokkeý ligasy NHL-de “Waşington Kapitals” toparynyň super ýyldyzy, russiýaly oýunçy Aleksandr Oweçkin gol geçirmegini dowam edýär. 39 ýaşyndaky hokkeýçi soňky duşuşyklarda yzygiderli gollar geçirip, taryhy rekorda golaýlaýar. Oweçkin “Waşington Kapitalsyň” “Nýu Ýork Reýnjersi” owertaýmda 3-2 hasap bilen ýeňen duşuşygynda toparynyň 2-nji şaýbasyny geçirdi we gollarynyň sanyny 885-e ýetirdi. Russiýaly hokkeýçi ýene-de 10 şaýba geçirse, onda ol NHL-iň adaty möwsüminde iň köp gol salan hokkeýçi, kanadaly Weýn Gretskiniň rekordyny täzelär. Häzirki wagtda 1999-njy ýylda karýerasyny tamamlan Gretskiniň 894, Oweçkiniň bolsa 885 şaýbasy bar. Oweçkiniň möwsümiň galan 20-ä golaý duşuşygynda şu depginini dowam etdiren ýagdaýynda bu rekordy täzelemegine garaşylýar.