Belarusda taýýarlanýan ýeralmadan taýýarlanan byzmyklar (gyrgyçdan geçirilen ýeralmaly tagam) we beýleki tagamlar ÝUNESKO-nyň medeni mirasynyň sanawyna giriziler. Bu tagamyň sanawa girizilmegi ýurda gelýän jahankeşdeleriň sanynyň artmagyna ýardam berjekdigini aýdýarlar. Hödürnama bilen Respublikanyň Ministrler Geňeşiniň prezidumy çykyş etdi. Ol ýeralmadan başga-da birnäçe milli tagamlaryň sanawa girizilmegini teklip etdi. Bu barada ýurduň Hökümetiniň “Telegram” kanalynda habar berilýär. Ýeralmaly byzmyklar we beýleki tagamlar ýurduň 6 oblastynyň ählisinde diýen ýaly taýýarlanýar. Ýeri gelende bellesek, soňky 4 ýylyň dowamynda gyrgyçdan geçirilen ýeralmadan taýýarlanan jemi 235 sany tagam Belarusuň taryhy-medeni gymmatlygy hökmünde ýurduň döwlet sanawyna girizildi.

Mährem BABAMYRADOWA,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyby,
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.