Awstraliýanyň Wullongong uniwersitetiniň biologlarynyň täze barlaglary Ýerde heniz ylma nämälim bolan 3700 – 5200 sany ary görnüşiniň ýaşaýandygyny görkezdi. Arylaryň görnüşleriniň umumy sanyna bolsa, 24 705 – 26 164 aralygy diýlip baha berildi. Ylmy barlaglaryň barşynda 186 ýurduň maglumatlaryny derňemek başartdy. Alnan netijeler Ýewropada arylaryň öwrenilmedik görnüşleriniň aýratyn hem Şwesiýada we Şweýsariýada azdygyny görkezdi. Türkiýede welin, heniz öwrenilmeli we at berilmeli bu tozanlandyryjy mör-möjekleriň 843 görnüşi bolup biler.
Awtorlar 1960-njy ýyldan bäri her ýyl alymlar tarapyndan arylaryň ortaça 117 sany täze görnüşiniň öwrenilip, olara at berilýändigini belleýärler. Şeýle depginde dowam etse, onda arylar barada bilimlerdäki böwşeňligi doldurmak üçin 35-40 ýyl gerek bolar diýip hasaplaýarlar.
Alymlaryň pikirine görä, arylar ekologik ulgamlar üçin wajypdyr. Olaryň köpdürlüligi sagdyn daşky gurşawyň we durnukly oba hojalygynyň esasyny düzýär diýip, «Nature Communications» žurnaly ýazýar.