Ýerden tapylan meteoritleriň ikisi Merkuriý planetasyna degişli bolup çykdy. Olaryň “Northwest Africa 15915” we “Ksar Ghilane 022” nusgalarydygy habar berildi. Olaryň gelip çykyşy baradaky çaklama dogry bolsa, bular ylma mälim bolan Merkurä degişli ilkinji meteoritleridir. 2023-nji ýylda tapylan meteoritleriň biri Alžirde, ikinjisi bolsa, Tunisde tapyldy.