20-nji ap­rel­de Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry iş­ler Mi­nist­ri Ra­şid Me­re­do­wyň Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň Mer­ke­zi Azi­ýa bo­ýun­ça Ýö­ri­te we­ki­li Te­ri Ha­ka­la­nyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky we­ki­li­ýet bi­len du­şu­şy­gy ge­çi­ril­di.
Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da iki­ta­rap­la­ýyn gün ter­ti­bi­niň me­se­le­le­ri­niň giň top­lu­my, şeý­le hem Türk­me­nis­ta­nyň we Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň iki­ta­rap­la­ýyn hem köp­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy­ny mun­dan beý­läk-de ös­dü­ril­me­gi­niň wa­jyp ugur­la­ry ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Ta­rap­lar Türk­me­nis­tan bi­len Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň hal­ka­ra we se­bit sy­ýa­sa­ty­nyň köp san­ly me­se­le­le­ri bo­ýun­ça ga­ra­ýyş­la­ry­nyň ga­bat gel­ýän­dik­le­ri­ni nyg­ta­dy­lar.
Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň ýol­baş­çy­sy, şu nuk­daý­na­zar­dan, yzy­gi­der­li esas­da ge­çi­ril­ýän “Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi-Türk­me­nis­tan” bi­le­lik­dä­ki ko­mi­te­ti­niň, Par­la­men­ta­ra dia­lo­gy­nyň, Adam hu­kuk­la­ry ba­ra­da­ky dia­lo­gyň mej­lis­le­ri­niň äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­di. Şeý­le hem bu ugur­da­ky mö­hüm çä­re­le­riň ha­ta­ryn­da ge­çen ýyl Aş­ga­bat­da ge­çi­ri­len Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň Türk­me­nis­tan­da­ky Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi, bi­lim ul­ga­myn­da­ky hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça mas­la­hat, “Ýa­şyl” ener­ge­ti­ka bo­ýun­ça mas­la­hat ba­ra­da hem aý­dyl­dy.
Ta­rap­lar şeý­le hem “Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi – Mer­ke­zi Azi­ýa” for­ma­ty­nyň çäk­le­rin­dä­ki ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy nyg­ta­dy­lar.
Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da bi­lim, daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak we ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi, suw we ener­ge­ti­ka me­se­le­le­ri bo­ýun­ça anyk mak­sat­na­ma­la­ry we tas­la­ma­la­ry mun­dan beý­läk hem iler­let­me­giň ze­rur­dy­gy­ny nyg­ta­dy­lar. Ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ryň bi­ri hök­mün­de ýaş­lar sy­ýa­sa­ty ul­ga­myn­da­ky hyz­mat­daş­lyk bel­len­di.