Londonyň biržasy köp ýyldan bäri Ýewropanyň iň gymmatly biržasy hasaplanýar. Soňky maglumatlar Parižiň öňe geçendigini görkezýär. Fransiýada lýuks harytlara bolan islegiň ýokarlanmagy biržadaky kompaniýalaryň umumy bahasy hasaba alnanda Pariž biržasy birinji orna çykýar. “Bloomberg” agentliginiň maglumatlaryna görä, 2003-nji ýyldan bäri Pariž ilkinji gezek Londondan ozdy. Maglumatlara görä, iňlis paýnamalarynyň jemi bahasy 2,821 trillion dollar bolsa, fransuz paýnamalarynyň bahasy 2,823 trillion dollar töweregi. “Yahoo Finance”-yň maglumatyna görä, 2016-njy ýylda “Brexit” referendumyndan ozal iki biržanyň arasynda 1,5 trillion dollar töweregi tapawut bardy. Fransiýanyň moda brendi “Louis Vuitton”-a eýeçilik edýän LVMH-niň paýnamalary soňky alty aýda 22 göterim, “Hermes”-iňki 37 göterim gymmatlapdyr.
Hakberdi Atajykow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby