Şu ýyl Ýewropanyň 3 şäheri birbada Ýewropanyň medeni paýtagty derejesine eýe bolup, öz wezipelerini ýerine ýetirmäge girişýär. Üstümizdäki ýylda Lýuksemburgyň Eş-sýur-Alzett, Litwanyň Kaunas we Serbiýanyň Nowi-Sad şäherleri medeni paýtagt derejesine eýe boldy. Şu ýylyň ahyryna çenli bu şäherlerde köpçülikleýin medeni çäreleri guramak meýilleşdirilýär. Lýuksemburgyň 35 müň ilatly Eş-sýur-Alzett şäherinde medeniýet, sungat, ýewropaly ýurtlaryň medeni gatnaşyklary babatda dürli festiwallar guralar. Litwanyň Kaunas şäheri 2009-njy ýylda Wilnýusdan soňra Ýewropanyň medeni paýtagty derejesine eýe bolan ikinji şäherdir. Bu şäherde «Wagtlaýyn şäherden döwrebaplyga» şygary bilen müňden gowrak medeni çäre geçiriler.
«Täze köprüler üçin» şygar bilen Serbiýanyň Nowi-Sad şäherinde dürli medeni-köpçülikleýin çäreler geçirilip, ol hem Ýewropa Bileleşiginiň sebitleriniň arasynda dürli medeni jemgyýetleriň ýakynlaşmagyna ýardam eder.
Ýewropanyň medeni paýtagty derejesi 1985-nji ýyldan bäri berlip gelinýär. Garaşsyz emin agzalary tarapyndan şäherler saýlanyp alynýar.
Atahan ORAZGULYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.