Ştab-kwartirasy Brýusselde ýerleşýän “Euronews” teleýaýlymy 2024-nji ýylda Ýewropanyň öňdebaryjy habar çeşmesi hökmünde, ornuny has-da berkidip, rekord derejede tomaşaçylary özüne çekmegiň hötdesinden geldi.
Soňky ýyllar Ýewropa institutlarynyň merkezinde ýerleşýän “Euronews” teleýaýlymy Ýewropa gönükdirilen habarlaryň esasy çeşmesi hökmünde öz ornuny has-da berkitdi. 2024-nji ýylda telekompaniýanyň eýeçiligindäki sanly platformalara görlüp-eşidilmedik derejede her aýda 31,5 million işjeň ulanyjy girip, sahypalary 1,6 milliard adam görüp çykdy we tomaşaçylary özüne çekmek babatda täze rekord goýdy.
“Euronews” Ýewropa syýasatynyň özboluşly we içgin beýan edilmegine gönükdirilen täzelenen redaksiýa strategiýasy arkaly Ýewropanyň we dünýäniň liderleri, syýasatçylary, täsirli şahsyýetleri bilen birlikde dürli topardaky talapkär tomaşaçylary özüne çekmegini dowam etdirýär.
2024-nji ýylda telekompaniýanyň dürli torlary 1,6 milliarddan gowrak giriş bilen uly meşhurlyga eýe boldy. Pan-Ýewropa žurnalistikasynda öňdebaryjy ornuny berkidýän “Euronews”, esasy sanly platformalar we innowasiýa formatlary arkaly yklymyň dürli tomaşaçylaryna ýetirilýär.
-Redaksiýamyz Brýussele geçenden soň, has ýokary görkezijilere şaýat bolýarys. “Euronews”-dan peýdalanýanlar bitarap maglumatlara eýe bolýarlar. Bu polýarlaşan gurşawda has gymmatly habar beriş serişdesine öwrülýär. Tomaşaçylarymyzyň biziň žurnalistika çemeleşmämize ýokary baha berýändiklerine buýsanýarys – diýip, “Euronews”-yň baş direktory we redaksiýa müdiri Klaus Ştruns belledi.
-Biz şu ýylyň dowamynda özboluşly kontentimizi has köp dilde we ýewropalylaryň aragatnaşyk saklaýan platformalarynda elýeterli etmegiň täze we innowasion ýollaryny öwrenýäris. Häzirki wagtda biziň teleýaýlymymyz köp dilli žurnalistikamyz hem-de wertikal kontent strategiýamyz arkaly Ýewropa giňişligine ýaýramagyny dowam etdirýär we tomaşaçylara has akylly, sagdyn pikir etmäge mümkinçilik berýär – diýip, “Euronews” -yň 2025-nji ýyldaky meýilnamalary barada maglumat beren öýjükli tehnologiýa bölüminiň başlygy Ali Ihsan Aýdi gürrüň berdi.
“Euronews” teleýaýlymy 1993-nji ýylda Fransiýada ýaýlyma berlip başlandan soň bütin dünýädäki tomaşaçylara ynamly bitarap habarlary berip ugrady. Şu günki günde 160 ýurtdaky 495 million öýde, şol sanda Ýewropadaky öýleriň 82 göteriminde “Euronews” teleýaýlymyna tomaşa edilýär. Oňa telewizorlarda ýa-da ähli birikdirilen enjamlarda her aý 400 milliondan gowrak adam tomaşa edýär. “Euronews”-yň 13 dilli habarlar otagynda 30-dan gowrak dürli milletden bolan 300 žurnalisti işleýär hem-de Ýewropa we dünýä habarlaryny günde 24 sagat, hepdede 7 gün habar berýärler.