Angliýanyň Maliýe ministri Reýçel Rews Ýewropanyň «Silikon jülgesi» bolmagyna garaşylýan «Oksford-Kembrij ösüş koridory» taslamasynyň durmuşa geçiriljekdigini mälim etdi. Ýurduň ykdysadyýetine goşant goşmagyna garaşylýan taslama dünýäniň öňdebaryjy okuw mekdepleriniň we innowasiýa merkezleriniň ýerleşýän şäherlerini öz içine alar. Sebitde önümçilik, emeli aň tehnologiýalary ýaly ugurlarda iş alyp barýan tehnologiýa firmalary hem köp. Bu şäherleri has-da ösdürmek üçin gerekli infrastruktura üçin maýa goýum goýberiler.