Adamlar wagty bilmek üçin dürli ýyllarda dürli usullardan peýdalanypdyrlar. Häzirki wagtda el telefonlarynda, islendik elektron enjamda bar bolan sagatlar has irki döwürlerde medeniýetiň simwoly hasaplanypdyr. XIII asyrda, esasan, Ýewropada sagat diňleri peýda bolup başlaýar. Sagatlar hemmäniň görüp biljek ýerinde, has beýik binanyň çür depesinde, esasan, ybadathanalaryň, köşkleriň ýa-da mähelläniň jemlenýän ýeri bolan meýdanlaryň golaýynda ýerleşdirilipdir. Dünýäniň meşhur taryhy sagat diňleri barada bilmek siziň üçin hem gyzykly bolsa gerek.
«Elizabeth Tower»: halk arasynda «Big Ben» (Uly jaň) ady bilen belli bolan bu desga «Ýelizawetanyň diňi» diýmegi aňladýar. Londonyň hem-de Beýik Britaniýanyň simwoly hasaplanýan desga 1858-nji ýylda gurulýar, sagat 1859-njy ýylda işläp başlaýar. Diňiň esasy jaňy, ýagny «Big Ben»-iň agramy 13,7 tonna ýetýär. Her sagatda oňa çekiç bilen urulýar. Onuň sesi 15 kilometr uzaklykdan eşidilýär. Diňiň sagady birnäçe ýyldan bir gezek arassalanýar we abatlanýar. Diňiň beýikligi 96,3 metre ýetýär. Diňiň dört tarapynda hem sagat oturdylyp, ol ähli tarapdan seredilende, uzak aralykdan wagty bilmäge mümkinçilik berýär.
Astronomik sagat diňi. Çeh Respublikasynyň paýtagty Pragadaky bu desga 1410-njy ýylda gurulýar. Oňa «Praga orloýy» hem diýilýär. Häzirki wagtda köne şäher meýdany diýilýän ýerde ýerleşýän bu sagadyň şeýle meşhur bolmagynyň sebäbi henizem işleýän, iň köne astronomik sagat bolmagydyr. Bu sagat adaty sagatlardan tapawutlylykda gurluşy we aýratynlyklary sebäpli, ondan astronomlar we matematikler hem peýdalanýar. Ýerli häkimiýetiň edara binasynyň diwarynyň ýüzüne ýerleşdirilen sagat esasy üç bölekden durýar. Sagada seredip, wagty, Günüň dogýan we ýaşýan wagtyny, Günüň we Aýyň ýyldyzlaryň arasynda ýerleşişini anyklap bolýar. Şeýle hem aýy, güni, dynç günlerini, baýramçylyk günlerini görüp bolýar.

Mýunhen sagat diňi: şäheriň Täze munisipalitet binasyndaky bu sagat diňi 1908-nji ýylda gurlupdyr. Sagat diňi hepdäniň belli günlerinde myhmanlara dürli «görkezme çykyşlaryny» hödürleýär. Bularyň iň täsini bolsa, sagatdaky 43 sany jaňyň çalmagy hem-de gurjaklaryň çykyşlarydyr. Adam ýaly ululykda bolan gurjaklar diňiň ýüzünde sagatdan ep-esli aşakda iki gatly ýörite «sahnada» ýerleşdirilipdir. Ýokarky sahnadaky gurjaklar 1568-nji ýylda Bawariýanyň Gersogy Wilhelm V-iň Lotaring Renatasy bilen durmuş gurmagyny suratlandyrýan sahna oýny ýerine ýetirilýän bolsa, aşaky gatdaky Misçileriň tansy görkezilýär.
«Zytglogge» diňi: Şweýsariýanyň dördünji uly şäheri bolan Berndäki bu desga XIII asyrda bina edilipdir. Gurlan wagtyndan bäri başga maksatlar üçin hem ulanylan desgada 1405-nji ýylda ýüze ýangyn ýüze çykýar. Bina 1530-njy ýylda düýpli abatlanyp, güni, aýy, täleý ýyldyzlaryny görkezýän mehanizmler oturdylyp, sazly sagat diňi hökmünde gaýtadan açylýar.
PDF









