Tallin 2023-nji ýylda Ýewropanyň «ýaşyl paýtagty» bolar. Estoniýanyň paýtagty Şwesiýanyň Gýoteborg, Polşanyň Krakow we Bolgariýanyň paýtagty Sofiýa ýaly şäherlerden öňe saýlandy. Ýewropanyň «ýaşyl paýtagty» derejesini gazanmak üçin hödürlenen dalaşgär şäherler halkara bilermenlerden ybarat eminler topary tarapyndan baha berilýär. 100 müňden gowrak ilaty bolan dalaşgär şäherleri howa we suwuň hili, biodürlüligi goramak, «ýaşyl» şäher ulagyny ösdürmek we «durnukly» ösüş ýaly 12 ugur boýunça bahalandyrylýar.
Tallin şäheri suwuň hapalanmagyna garşy göreşmekde, biodürlüligi gorap saklamakda, ýaşyl ulagy ösdürmekde we ýerden durnukly peýdalanmakda özüni gowy görkezdi. Mundan başga-da, şäheriň ýaşaýjylary ýaşyl başlangyçlara işjeň gatnaşýarlar. Ýeňijini yglan etmek boýunça geçirilen onlaýn dabara häzirki «ýaşyl paýtagt» derejesiniň eýesi – Finlýandiýanyň Lahti şäherinde geçirildi. Geljek ýyl bu derejä Fransiýanyň Grenobl şäheri mynasyp bolar.
Maksat ORAZOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.