Şu gün 16-njy sentýabr güni, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkezinde ýaş žurnalistler üçin Media sowatlylygy boýunça iki günlik okuw sapagy öz işine başlady. Okuw sapagyna ýurdumyzyň gazetdir žurnallarynyň, habarlar websaýtlarynyň žurnalistleri, radio-telewideniýe işgärleri, şeýle-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň mugallymlary gatnaşdylar.
Okuw sapagyny ÝHHG-niň hünärmenleri Serdar Agaýew, Daýanç Konarow alyp bardy. Mundan başga-da, Gazagystan Respublikasyndaky MediaNet halkara žurnalistika merkeziniň hünärmeni Duman Smakow onlaýn görnüşde gatnaşdy. Hünärmenler gatnaşyjylara häzirkizaman media ulgamynda nädogry (ýalan) maglumatlardyr habarlary nähili anyklamak we onuň öňüni almak barada düşünje berdiler. Žurnalistler öz hukuk taýdan goraglylygy barada özara pikir alyşdylar. Mundan başga-da, gatnaşyjylar häzirkizaman mediasynda emeli aňyň peýdalanylyşy, onuň peýdalary we ýetirip biljek zyýanlary barada maslahatlaşdylar. Ertir tamamlanjak okuw sapagy oňa gatnaşyjylaryň özara pikir alyşmagyna täsirli meýdança boldy.