Gursagyňda gaýnap duran yhlasyň, ýanyp duran zehiniň bolmasa, hiç bir kärdenem kemal tapyp bolanok. Eger ähli yhlas-ukybyňy, gujur-gaýratyňy öz käriňe bagyş etseň, gol beren hünäriň durmuşda at-abraýa, sylag-hormata, rysgal-döwlete eýe edýär.
Beýik Pyragynyň:
– Yhlas bilen bir kämilge gol beren,
Ýeter bir menzile, ýetmeýen galmaz
– diýen dürdäne setirlerini akyl eleginden geçireniňde, saýlan kärine yhlas bilen gol beren adamyň durmuşda öz maksadyna ýetjekdigine, kesbinden kemal tapjakdygyna anyk göz ýetirýärsiň.
Akkordeon saz guralynda ilkinji bolup saz çalyp, aýdym aýdyp, «akkordeonly aýdymçy» diýen at bilen abraýy çar ýana ýaýran ussat kompozitor, Türkmenistanyň halk artisti Mämi Çaryýew hem öz ýürek mährini, göwün yhlasyny öz kärine bagyş edip, şol kärinden bagt, döwlet, abraý tapan adamlaryň biri. Türkmen aýdym-saz sungatynyň estrada görnüşiniň il içinde şeýle uly söýgä eýe bolmagynda ummasyz köp zähmet siňdirip, türkmen professional aýdym-saz äleminde iň bir öndümli işlän Mämi Çaryýew barada geçen asyryň 60-70-nji ýyllarynyň nesli has anyk aýdyp biler. Meniň özüm-ä ony 1960-njy ýyllardan bäri ýakyndan tanaýaryn, döredijiligine-de belet. Şonuň üçin hem turuwbaşdan bir zady belläp geçesim gelýär: Ussat aýdymçy kompozitoryň döreden, ýerine ýetiren aýdym-sazlary şol ýyllaryň durmuşyna özboluşly bezeg berip, halkyň kalbyna mäkäm ornaşdy. Onuň aýdym-sazlaryna aýratynam ýaşlar aşykdy. Diýarymyzyň çar künjeginde onuň gulaga ýakymly mylaýym owazyny, megerem, diňlemedik ýokdur.
Ilimiz şeýle aýdym-saz hazynamyzy döredenleriň sarpasyny belent tutup gelýär. Halypa bagşy-sazandalarymyzyň goýup giden mirasy aýawly saklanylyp, olaryň owazy ajaýyp döwrümiziň sungaty bilen sazlaşyp alyslara ýaýraýar. Türkmen ilinde bagşy bolup, saz ussady bolup ýaşamak – beýik mertebe. Bu bagtdan kompozitor Mämi Çaryýew hem ýetdik paýyny alan ussat. Mämi Çaryýew 1940-njy ýylyň 12-nji ýanwarynda Baýramaly etrabynyň Ýalkym obasynda dünýä inýär. Geljekki meşhur aýdymçynyň zehini mekdep partasyndaka ýüze çykýar. Mekdepde geçirilýän dabaralarda onuň sesi belent ýaňlanýar. 1956-njy ýylda çeper höwesjeňleriň respublikan gözden geçirilişinde üstünlikli çykyş edip, iň oňat aýdymçy hökmünde ykrar edilýär hem-de A.Gulmämmedow, M.Kulyýewa, D.Öwezow, A.Esadow, G.Japarow ýaly tanymal ussatlaryň ýokary bahasyna mynasyp bolýar. Şonda kompozitor D.Öwezow ýaş aýdymça aýdym-saz ugrundan bilimini artdyrmak üçin sazçylyk mekdebine okuwa girmegi maslahat berýär. M.Çaryýew 1960-njy ýylda Aşgabatdaky Türkmen döwlet sazçylyk mekdebini tamamlap, Moskwadaky medeniýet institutynyň hor dirižýorlaryny taýýarlaýan bölüminde okuwyny dowam etdirýär. Okuwyny üstünlikli tamamlap, ol Türkmenistana dolanýar. Öz durmuşyny tutuşlygyna aýdym bilen baglaşdyran Mämi zähmet ýoluna Mary şäherindäki halk döredijiligi öýüniň hor boýunça hünärmeni bolup başlaýar. Onuň döreden hor topary 1960-njy ýylda gözden geçirilişde oňat çykyş edip, 1-nji orna mynasyp bolýar. Haçan-da Marynyň Kemine adyndaky drama teatrynda işläp ýörkä, ol «Murgap owazlary» atly estrada toparyny esaslandyrýar. Bu topar öz döwründe halkyň uly söýgüsine mynasyp bolupdy. Onuň repertuarynda türkmen, özbek, azerbaýjan, garagalpak aýdym-sazlary bardy. «Murgap owazlarynyň» sesi okuwçylaryň, işçileriň, daýhanlaryň, çopanlaryň, nebitçileriň arasynda, garaz, ýurduň çar künjeginde diňlenilýärdi.
Şu günki gün ýaly ýadymda, tomus aýlarynyň bir günüdi. Daýhan birleşigimiziň radiouzelinde Mämi Çaryýewiň ýolbaşçylygynda «Murgap owazlary» atly estrada toparynyň çykyş etjekdigini eşidenimizde begenjimiziň çeni-çaky bolmady. Garaşylan pursat gelip ýetdi. Ýazky klubuň içi mähelleden hyryn-dykyndy. Oturmaga boş oturgyç hem galmandy. Bagşy-sazandalar aýdym aýdandan soňra, egni akkordeonly Mämi sahna gelende, tomaşaçylar ör turup, dowamly el çarpyşmalar bilen mähirli garşylapdylar. Haçan-da ol özüniň şirin, ýakymly owazy, belent sesi bilen birnäçe aýdymlary aýdyp, hemmeleri özüne maýyl edip, sahnadan gitmekçi bolanda, oňa ýene çykyş etmegi haýyş edipdiler. Şol sapar Mämi aga Hindistana gidişleri, onuň ajaýyp tebigaty, dünýä belli taryhy ýadygärlikleri, taryhy şahsyýetleri, garaz, özünde galdyran täsirleri barada hem gyzykly gürrüň beripdi. Ýeri gelende bellesek, 1970-nji ýyllarda biz welaýatymyzyň türkmen dili we edebiýaty mugallymlary bolup, Mary şäheriniň mähellesi egsilmeýän şowhunly medeniýet köşgünde Magtymgulynyň döredijiligine bagyşlap, edebi çäre geçirenimizde Mämi Çaryýew hem gatnaşypdy. Magtymgulynyň döredijiligi baradaky çykyşlardan soňra nobat bagşy-sazandalara ýetdi. Şonda ol Magtymgulynyň sözlerine «Näme sen?» diýen aýdymy akkordeonyň sesine goşup, ýokary ussatlyk bilen aýdanda mähelle tutuş gulaga öwrülip diňläpdi.
Şol ýyllar Annaberdi Atdanowyň, Öwezgeldi Tekäýewiň halk söýgüsini gazanan aýdymlary bilen bilelikde Mämi Çaryýewiň «Toýuma, gel, toýuma», «Dilden ogrynça», «Pagta ýygýan maşynyma», «Ülkämiň toý saçagynda», «Türkmen gözeli» ýaly aýdymlary tüýs ilhalar aýdymlara öwrülipdi. Üç ussadyň aýdym-sazlaryna diňe bir ýurdumyzyň we ozalky soýuzyň çäklerinde däl, eýsem, daşary ýurtlarda-da el çarpyşýardylar. Jahankeşde kompozitor Mämi Çaryýew otuz töweregi ýurtda bolup, mahmal ýaly mylaýym owazy bilen türkmen aýdym-saz sungatynyň şöhratyny arşa göterdi. Onuň ýakymly sesini Bolgariýa, Daniýa, Liwiýa, Alžir, Hindistan ýaly ýurtlarda, Arap ýurtlarynda we Afrikada diňlediler. Şeýle hyzmatlary üçin oňa «Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri», «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly atlar dakyldy. Kompozitor 1996-njy ýylda «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medal bilen sylaglandy.
Döwrümiziň belli kompozitory Çary Nurymow Mämi Çaryýewiň döredijiligine «Türkmen halk aýdym-sazlary bilen täze estrada sazlarynyň arasyndaky köpri» diýip baha beripdi. Ol 80-den gowrak aýdym-sazyň hem awtorydyr. Olar dürli temalardan döredilen hem bolsa, esasan, ata Watana, ene topraga, perzende söýgi, halal zähmetiň waspy ýaňlanýar.
Mämi Çaryýew diňe bir türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekilleri Magtymgulynyň, Mollanepesiň, Zeliliniň, Seýdiniň sözlerine aýdymlary döretmek bilen çäklenmän, eýsem, öz döwürdeş şahyrlary Akmyrat Çaryguly – Erkin, Ata Abdyrahmanow, Aman Annamyradow, Arzygül Amanlyýewa, Tagan Söhbedow dagy bilen bile işleşip, olaryň goşgularyna ençeme ajaýyp aýdymlar döredipdi. Kompozitoryň bütin döredijiligi durmuşy, adamlary, tebigatyň hem ýaşaýşyň gözelligini ussatlyk bilen wasp etdi. Onuň aýdym-saz äleminde şatlyk, bagtyýarlyk, geljege bimöçber ynam duýgulary gaýnap joşdy. Saz muşdaklarynyň näme üçin Mämi Çaryýewiň nurana saz dünýäsine hemişe teşne bolýandygynyň syry hem şundadyr. Çünki Mämi Çaryýewiň çeşme kibi dury hem joşgunly aýdym-sazlary diňleýjini birjigem gussa batyrmaýar, tersine onuň göwnüni galkyndyryp, ruhuna ruh goşýar. Kompozitor gam-gussany ret edip: «Daş-töweregiňe seret, ýaşamak nähili uly bagt, şeýle bagtyň gadyryny bil» diýip, adamlary wepalylyga, ynsanperwerlilige, birek-birege mähremlige, mahlasy dünýädäki iň gowy tutumlara çagyrýar.
Mämi Çaryýewiň döredijiligi tema jähtden hem alanyňda köptaraply. Ol döwür bilen deň gadam basyp, durmuşyň sesine ses goşdy. Onuň söýgi temasyndan döreden «Ýadyňda dälmi?», «Türkmen gözeli», «Piala», «Garagyz», «Näzlim», «Gözleriň» diýen aýdymlary; dürli temalardan: «Paş eder seni», «Zor bolar», «Il ýagşy», «Ýadyma düşdi», «Elwan güller», «Toýuma, gel, toýuma», «Pagta ýygýan maşynyma», «Palaw hakda aýdym», «Sapar çaýçy», «Gül çagajyk» ýaly kalbyňa ýol salýan onlarça ajaýyp aýdymlary diňleýjileriň hemişelik hemrasy bolup, il arasynda giňden meşhurdyr. Bu aýdymlar Mäminiň yhlasy, daş ýarýan zehini arkaly söýlüp diňlenipdi. Häzirki güne çenli külli türkmeniň saýrak dilli, hoş owazly bilbili, halypa kompozitor Mämi Çaryýewiň aýdan aýdymlarynyň 50-den gowrak ýazgysy teleradioýaýlymlaryň üsti bilen aýdym-saz muşdaklaryna ýetirilýär. Telewideniýäniň aýdym-saz hazynasynda-da bu ussadyň aýdan aýdymlarynyň üç sagatlyga golaýlaýan wideoýazgylary saklanylýar we teletomaşaçylaryň dykgatyna ýetirilip durulýar. Aýdan aýdymlarynyň gramplastinkasy, döreden aýdymlarynyň özbaşdak ýygyndylary hem ençeme gezek çykaryldy.
Halypa kompozitor Mämi Çaryýew iş-aladalarynyň arasynda aýaly Dünýägözel eje bilen gyzlary Gülälek, Gunça, ogullary Döwlet, Allamyrat dagyny terbiýeläp ýetişdirdi. Olar iliň gowusyna goşulyp, ata sargytlaryny berjaý etmek üçin çalyşýarlar. Onuň ogullary Döwlet Mary etrap medeniýet bölüminiň Medeniýet merkezinde, Allamyrat «Ýaşlyk» teleýaýlymynda, gyzlary Gülälek Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky sazçylyk mekdebinde, Gunça bolsa Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda işläp ýörler.
Milli medeniýetimizi, türkmen aýdym-saz sungatymyzy aýdyň ýollar bilen beýik ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!
Akmyrat Rejepgulyýew,
Ýolöten etrabyndaky 44-nji orta mekdebiň mugallymy, ylym-bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzasy.