Ýaponiýanyň we Italiýanyň Premýer-ministrleri durnukly üpjünçilik zynjyrlaryny gurmak maksady bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmek we kosmos pudagynda hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmak üçin gurama döretmek arkaly ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze derejä çykarmak barada ylalaşdylar.
16-njy ýanwarda Ýaponiýanyň Premýer-ministri Takaiti Sanae italiýaly kärdeşi Jorjiýa Melonini Tokiodaky Premýer-ministriň diwanynda kabul etdi. Hormat garawulynyň dabarasyndan soňra, liderler gepleşik geçirdiler.
Duşuşygyň başynda Takaiti şu ýyl iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 160 ýyl dolýandygyny belledi. Takaiti Meloni bilen bilelikdäki beýannama gol çekmäge we täze hyzmatdaşlygy yglan etmäge umyt edýändigini aýtdy. Duşuşykda liderler iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary “aýratyn strategik hyzmatdaşlyk” derejesine götermek we giň gerimli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada ylalaşdylar.
Bu ylalaşyk howpsuzlyk meselelerini hem öz içine alýar. Liderleriň tassyklamagyna görä, Ýaponiýanyň we Italiýanyň harby güýçleri bilelikdäki türgenleşikleri geçirerler. Şeýle hem Ýaponiýa we Italiýa uçarlaryň täze neslini bilelikde döretmek boýunça Beýik Britaniýa bilen hyzmatdaşlyk eder. Takaiti we Meloni bu taslama boýunça bilelikdäki işleri çaltlandyrmak barada ylalaşdylar.
Ykdysady howpsuzlyk meselelerinde iki ýurt hem örän möhüm peýdaly gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň durnukly üpjünçilik zynjyryny döretmek üçin özara ýardam bermegi berkitmek barada bir karara geldiler. Ýaponiýa we Italiýa energetika pudagynda, şol sanda adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykan mahaly suwuklandyrylan tebigy gaz bilen biri-birini özara üpjün etmek meselelerinde hem hyzmatdaşlyk ederler.
Mundan başga-da, liderler iki ýurduň hem uly tejribesiniň we biliminiň bolan kosmos ulgamynda hyzmatdaşlyga ýardam bermek üçin täze maslahat beriji edarany döretmek barada ylalaşdylar.
PDF









