Ýurdumyzyň Türkiýe Respublikasy bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary netijeli ösdürilýär. 19-20-nji fewralda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň sekizinji mejlisini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Hökümetara toparyň nobatdaky mejlisinde söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça iki ýurduň arasyndaky köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Bu barda 31-nji ýanwarda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin degişli teklibi hödürledi.
Döwlet Baştutanymyz Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň türkmen böleginiň düzümi boýunça taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.