Häzirki wagtda ýurdumyzda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça uly işler alnyp barylýar. 4-nji martda Türkiýe Respublikasynyň guramagynda wideoaragatnaşyk arkaly guramanyň ýokary derejeli 14-nji mejlisi türkmen tarapynyň gatnaşmagynda geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylda Türkmenistan YHG-ä başlyklyk eder. Bu wezipäni üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, degişli Konsepsiýanyň taslamasy taýýarlanyldy we onda birnäçe möhüm wezipeler kesgitlenildi. Ýurdumyz 1992-nji ýyldan bäri bu guramanyň agzasy bolup durýar.
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy 1985-nji ýylda Merkezi Aziýa we Ýakyn Gündogar ýurtlary tarapyndan döredilen sebit we döwletara ykdysady gurama bolup, Ösüş üçin Sebitleýin Hyzmatdaşlyk Guramasynyň mirasdüşeridir. Gurama 1977-nji ýylyň 12-nji martynda Eýran, Pakistan we Türkiýe döwletleriniň wekilleri tarapyndan gol çekilen Izmir şertnamasynyň düzgünnamasy esasynda hereket edýär.
1992-nji ýylyň başyna çenli YHG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlyk, esasan, ikitaraplaýyn häsiýete eýe boldy. 1992-nji ýyldan bäri 7 täze döwletiň – Gazagystanyň, Azerbaýjanyň, Owganystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň meýletin goşulmagy bilen YHG-niň gerimi has giňedi. 1995-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde YHG bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça karar kabul edilip, şondan bäri bu gurama BMG-de synçy derejesine eýedir. Şeýle hem bu gurama Yslam konferensiýasy guramasynda hem synçy derejesine eýedir.
YHG-ä agza ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklarda, esasan, ykdysady maksatlaryň agdyklyk edýändigi bellenilýär. Guramanyň işiniň esasy syýasy we ykdysady maksatlary bu gurama agza ýurtlaryň döwlet baştutanlarynyň her iki ýylda bir gezek guramanyň Tertipnamasynyň 4-nji maddasyna laýyklykda geçirilýän maslahatlarynda kesgitlenýär.
Gurluşy
Guramanyň Tertipnamasynyň 5-nji maddasyna laýyklykda, aşakdaky gurluşa eýe:
Daşary işler ministrler Geňeşi ýa-da YHG-ä agza ýurtlaryň ministrleri derejesinde ygtyýarly wekiller bu guramanyň esasy maslahat beriji we ýerine ýetiriji organydyr. Ministrler Geňeşi her ýylda azyndan bir gezek geçirilýär.
Hemişelik wekiller geňeşi bu guramanyň Ministrler geňeşiniň syýasatlarynyň we kararlarynyň ýerine ýetirilmegine jogapkär hemişelik hereket edýän organdyr. YHG-niň sekretariatyna akkreditirlenen hemişelik wekiller – ilçiler girýär. Hemişelik wekiller geňeşi aýda bir gezek geçirilýär.
Sebit meýilnamalaşdyryş geňeşi YHG-ä agza ýurtlaryň dürli döwlet edaralarynyň ýolbaşçylaryndan ýa-da bu ýurtlaryň hökümetleriniň we döwlet edaralarynyň adyndan hereket edýän beýleki ygtyýarly wekillerden ybarat. Sebit meýilnamalaşdyryş geňeşi YHG-niň öňünde durýan meseleleri ýerine ýetirmek üçin Ministrler Geňeşine iş meýilnamalaryny düzmek we tabşyrmak üçin jogapkärdir we olar her ýylda azyndan bir gezek duşuşýar.
YHG-niň sekretariaty guramanyň işini utgaşdyrýar we gözegçilikde saklaýar, şeýle hem YHG-niň tassyklanan meýilnamasyna laýyklykda, dürli çäreleri guramaga we geçirmäge gönüden-göni gatnaşýar. Sekretariatyň merkezi Tähranda ýerleşýär.
YHG-niň sekretariatyna Baş sekretar ýolbaşçylyk edýär. Bu sekretariat sebit hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryna jogapkär alty sany ýöriteleşdirilen müdirlikden ybarat: ulag we aragatnaşyk; söwda we maýa goýumlary; energetika, mineral baýlyklar we daşky gurşaw; oba hojalygy we senagat; saglygy goraýyş, bilim we medeniýet; ykdysady gözlegler we statistika.
Şeýle hem YHG-niň sekretariatyna Neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna gözegçilik etmek boýunça utgaşdyryjy edara, alty sebit edarasy (Söwda we ösüş banky, ätiýaçlandyryş kompaniýasy, gämi gatnaw kompaniýasy, awiakompaniýa, Söwda palatasy we ätiýaçlandyryş kolleji) we üç sany ýöriteleşdirilen edara (Medeniýet instituty, Ylym gaznasy, Maslahat beriş, inženerçilik kompaniýasy) girýär. Baş sekretar YHG-ä agza döwletleriň daşary işler ministrler Geňeşi tarapyndan üç ýyl möhlet bilen saýlanýar.