Bütindünýä banky Ýewropa we Merkezi Aziýa (ECA) sebiti barada täze maglumatnama taýýarlady. Maglumatda sebitiň ykdysady ösüşiniň 2021-nji ýylda 5,5 göterim boljakdygy çaklanylýar. Mundan ozal bu görkezijiniň 3,9 göterim bolmagyna garaşylýardy. Geljek ýylda sebitiň 3,4 göterim ösüş gazanmagyna garaşylýar. Maglumatda pandemiýanyň kärhanalara ýetirýän täsiri baradaky çaklamalar hem agzaldy. Sebitiň öndürijilikli kärhanalarynyň onlaýn platformadaky we uzak aralykdan işlemek mümkinçiliklerini artdyryp, emele gelen ýagdaýa gowy uýgunlaşandygy bellenilýär. Şeýle hem maglumatda Ýewropa we Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlarynyň köpüsiniň täze kompaniýalaryň döredilmegini aňsatlaşdyrmak, maliýe pudagynyň önümçilik kärhanalaryna karzlary bermek mümkinçiligini artdyrmak ýaly bäsdeşligi artdyrýan düzgünleri ýola goýup biljekdigi bellenildi.
Dünýä ykdysadyýeti 6 göterime golaý öser
Halkara Pul Gaznasynyň başlygy Kristalina Georgiýewa Italiýanyň Bokkoni uniwersitetiniň guramagynda geçirilen maslahatda eden çykyşynda dünýä ykdysadyýetiniň 6 göterime golaý ösjekdigini belledi. Georgiýewa deňagramly global dikelişiň öňündäki töwekgelçilikleriň we päsgelçilikleriň aýdyňlaşyp başlandygyny aýdyp, ösen ýurtlaryň ykdysadyýetleriniň 2022-nji ýylda pandemiýadan ozalky ýagdaýa geljekdigini aýtdy.
Aýgül Ataýewa,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.