Her bir gü­ni gu­wan­dy­ry­jy wa­ka­lar­dan do­ly bo­lan ýur­du­myz­da hor­mat­ly Prezidentimiziň pa­ra­sat­ly baş­lan­gyç­la­ry bi­len ama­la aşy­ryl­ýan öz­gert­me­ler mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň bar­ha kuw­wat­lan­ma­gy­na sal­dam­ly go­şant goş­ýar. Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dü­ril­me­gi ug­run­da ama­la aşy­ryl­ýan giň ge­rim­li öz­gert­me­le­riň ne­ti­je­sin­de, yk­dy­sa­dy­ýet­de ýo­ka­ry ösüş dep­gin­le­ri sak­la­nyp gal­dy. Bu ba­ra­da­ky yk­dy­sa­dy gör­ke­zi­ji­ler muňa aý­dyň su­but­na­ma bo­lup dur­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­sin­de ge­çi­ri­len Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň gi­ňiş­le­ýin mej­li­sin­de ber­len mag­lu­mat­lar yk­dy­sa­dy­ýe­ti­miz­dä­ki ösüş­le­riň ýo­ka­ry­dy­gy­ny gör­kez­ýär.

Ge­çen ýy­lyň mak­ro­yk­dy­sa­dy gör­ke­zi­ji­le­ri­ne syn edi­len­de, hu­su­san-da, je­mi içer­ki önü­miň ösü­şi dur­nuk­ly hä­si­ýe­te eýe bol­dy, bu ba­bat­da­ky gör­ke­zi­ji, 2020-nji ýyl bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, 6,2 gö­te­rim ýo­kar­lan­dy. Se­na­gat top­lu­myn­da bu gör­ke­zi­ji 9,2 gö­te­rim, gur­lu­şyk pu­da­gyn­da 0,3 gö­te­rim, ulag we ara­gat­na­şyk ul­ga­myn­da 4,3 gö­te­rim, söw­da­da 8,8 gö­te­rim, oba ho­ja­ly­gyn­da 3,8 gö­te­rim, hyz­mat­lar ul­ga­myn­da 5,8 gö­te­rim bol­dy. Ýur­du­myz­da 2021-nji ýy­lyň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ry için­de te­bi­gy ga­zy çy­kar­mak­da iň ýo­ka­ry gör­ke­zi­ji ga­za­nyl­dy, ýag­ny 83 mil­liard 772,9 mil­li­on kub­metr te­bi­gy gaz çy­ka­ryl­dy. Ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň mö­hüm pu­da­gyn­da ga­za­ny­lan bu ýo­ka­ry ne­ti­je­ler beý­le­ki pu­dak­la­ryň hem ösü­şi­ne özü­niň go­şan­dy­ny goş­ýar. Şeý­le hem mil­li Li­de­ri­mi­ziň ne­bit­gaz pu­da­gy­ny mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek ba­bat­da gol çe­ken ta­ry­hy Ka­rar­la­ry pu­da­gyň ön­dü­ri­ji­li­gi­ni has-da ne­ti­je­li ýag­da­ýa ge­tir­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň bel­läp ge­çi­şi ýa­ly, ýur­du­myz­da 2007-nji ýyl bi­len de­ňeş­di­re­niň­de, 2021-nji ýyl­da or­ta­ça zäh­met ha­ky­nyň möç­be­ri 366,3 gö­te­rim ýo­kar­lan­dy. Pen­si­ýa­la­ry we döw­let kö­mek pul­la­ry­ny tö­le­mek üçin 2008-2021-nji ýyl­lar­da goý­be­ri­len ma­li­ýe se­riş­de­le­ri bol­sa 1054 gö­te­rim art­dy. Şu ýy­lyň 1-nji ýan­wa­ryn­dan köp ça­ga­ly ene­le­riň mad­dy hal-ýag­da­ýy­ny go­wu­lan­dyr­mak bo­ýun­ça hem anyk çä­re­ler dur­mu­şa ge­çi­ri­lip baş­lan­dy. Bu gör­ke­zi­ji­le­riň äh­li­si ýur­du­myz­da «Döw­let adam üçin­dir!» di­ýen baş ýö­rel­gä­niň üs­tün­lik­li dur­mu­şa or­naş­dy­ryl­ýan­dy­gy­ny gör­kez­ýär.
Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­la­ry ta­ra­pyn­dan önüm­çi­lik we dur­muş mak­sat­ly des­ga­la­ryň en­çe­me­si, şol san­da Aş­ga­bat-Türk­me­na­bat ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­to­mo­bil ýo­lu­nyň Aş­ga­bat-Te­jen bö­le­gi, paý­tag­ty­myz­da­ky «Aş­ga­bat» söw­da we dynç alyş mer­ke­zi, şo­nuň ýa­ly-da ýy­la­dyş­ha­na­lar hem-de se­na­gat ugur­ly des­ga­lar gur­lup, ulan­ma­ga be­ril­di. Ne­ti­je­de, Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si bo­ýun­ça 2021-nji ýyl­da oba ho­ja­lyk we azyk önüm­le­ri­niň ön­dü­ri­li­şi­niň ösüş dep­gi­ni 115,7 gö­te­ri­me, se­na­gat önüm­çi­li­gi­niň ösüş dep­gi­ni bol­sa 117,8 gö­te­ri­me ba­ra­bar bol­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz hu­su­sy ta­rap­la­ra tä­ze ba­zar­la­ry we ýer­le­me­giň gör­nüş­le­ri­ni göz­le­mek­de gol­daw be­rip, ýur­du­myz­da ön­dü­ri­len önüm­le­riň ýer­len­ýän möç­ber­le­ri­niň art­dy­ryl­ma­ly­dy­gy­ny aý­dyp, hu­su­sy pu­da­gyň we­kil­le­ri­ni hö­wes­len­dir­me­gi do­wam et­dir­me­giň mö­hüm bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny bel­le­di.
Umu­man, ýur­du­myz­da gel­jek ýyl­lar­da «Türk­me­nis­tan­da 2021-2025-nji ýyl­lar­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň Döw­let mak­sat­na­ma­sy­ny» dur­mu­şa ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len söw­da we te­le­ke­çi­lik ugur­la­ry­na de­giş­li pu­dak­lar­da san­ly ul­ga­my top­lum­la­ýyn or­naş­dyr­mak do­wam et­di­ri­ler. In­no­wa­si­on baş­lan­gyç­la­ry, öň­de­ba­ry­jy tej­ri­bä­ni or­naş­dyr­ma­gyň, şol san­da elekt­ron işe­wür­li­gi, ha­ryt­la­ry san­ly ul­gam ar­ka­ly el­tip ber­mek bo­ýun­ça hyz­mat­la­ry gi­ňelt­me­giň ha­sa­by­na işe­wür­lik hem-de jem­gy­ýet­çi­lik iý­mi­ti hyz­mat­la­ry­nyň hi­li­ni ýo­kar­lan­dy­ryp, köp­dür­lü­li­gi­ni ga­zan­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär. Şeý­le hem ila­ta edil­ýän söw­da hyz­mat­la­ry­nyň me­de­ni­ýe­ti­ni ýo­kar­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len dür­li tas­la­ma­lar dur­mu­şa or­naş­dy­ry­lar.

Ju­ma­my­rat GO­LA­ÝEW,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.