«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen uly ösüşler we ajaýyp üstünlikler gazanylýar. Şeýle ajaýyp üstünlikleriň hatarynda ykdysady ösüşleri, sanly ulgamyň ornaşdyrylyşy aýratyn bellärliklidir. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary sazlaşykly ösüş ýoluna düşüp, täze önümçilik kuwwatlyklary emele geldi. Bu bolsa ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak bilen bir hatarda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna hem saldamly goşant goşdy.

Ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­nyň ok­gun­ly ösü­şi­ne eýe bol­ma­gy, mil­li Liderimiziň oý­la­ny­şyk­ly yk­dy­sa­dy stra­te­gi­ýa­sy­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Mu­ňa ýu­bi­leý ýy­lyn­da­ky ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­ler hem aý­dyň su­but­na­ma bo­lup dur­ýar. Mä­lim bol­şy ýa­ly, ge­çen hep­de­de Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň san­ly ul­gam ar­ka­ly ge­çi­ri­len mej­li­sin­de 2021-nji ýy­lyň ýan­war-okt­ýabr aýy­nyň mak­ro­yk­dy­sa­dy gör­ke­zi­ji­le­ri­ne syn be­ril­di. Ýu­bi­leý ýy­ly­nyň 10 aýyn­da je­mi içer­ki önü­miň ösüş dep­gi­ni­niň 6,2 gö­te­rim bolma­gy, ön­dü­ri­len önüm­le­riň muk­da­rynyň ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­ri bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, 6,1 gö­te­rim art­ma­gy, bö­lek ha­ryt do­la­ny­şy­gy­nyň möç­be­riniň ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­ri bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, 16,5 gö­te­rim, da­şa­ry söw­da do­la­ny­şy­gy­nyň gör­ke­zi­ji­le­riniň 14,6 gö­te­rim ýo­kar­lan­ma­gy ýur­du­myz­da bäs­deş­li­ge ukyp­ly yk­dy­sa­dy­ýe­tiň ok­gun­ly ösü­şe eýe bol­ýan­dy­gy­nyň esa­sy gör­ke­zi­ji­sidir.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bel­läp ge­çi­şi ýa­ly, ýur­du­myz­da 30 des­ga­ny işe gi­riz­mek göz öňün­de tu­tul­dy. Hä­zir­ki wag­ta çen­li bol­sa 66 sa­ny iri des­ga açy­lyp, ula­nyl­ma­ga be­ril­di. Ýy­lyň ahy­ry­na çen­li ýe­ne-de bir­nä­çe des­ga­ny ulan­ma­ga ber­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Umu­my meý­da­ny 750 müň ine­dör­dül metr­den gow­rak ýa­şa­ýyş jaý­la­ry ulan­ma­ga be­ril­di. Ba­zar yk­dy­sa­dy­ýe­ti eme­le ge­ti­ril­ýär. Tä­ze ne­bit­gaz ýa­tak­la­ry öz­leş­di­ril­ýär. Türk­me­nis­tan-Ow­ga­nys­tan-Pa­kis­tan elekt­rik we op­ti­ki-sü­ýüm­li ara­gat­na­şyk ge­çi­ri­ji­le­ri­niň, Türk­me­nis­tan-Ow­ga­nys­tan-Pa­kis­tan-Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si­niň gur­lu­şy­gy al­nyp ba­ryl­ýar we beý­le­ki hal­ka­ra tas­la­ma­lar taý­ýar­la­nyl­ýar. Ýur­du­myz­da hu­su­sy pu­da­gy ös­dür­mä­ge gol­daw ber­mek bo­ýun­ça sy­ýa­sat yzy­gi­der­li do­wam ed­ýär. Yk­dy­sa­dy­ýet­de öz­gert­me­le­ri ama­la aşyr­ma­ga ýur­duň te­le­ke­çi­le­ri giň­den çe­kil­ýär.
Ine, şu my­sal­lar­dan hem gör­nü­şi ýa­ly, ýur­du­myz­da hal­ky­my­zyň aba­dan hem-de bag­ty­ýar dur­mu­şy­ny has-da pug­ta­lan­dyr­mak üçin giň ge­rim­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Ýurdumyzda dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mek­de mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ze ma­ýa go­ýum­la­ryň çe­kil­me­gi­ne uly üns beril­ýär. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň «Dur­nuk­laş­dy­ryş gaz­na­sy­nyň se­riş­de­le­ri­ni ma­ýa go­ýum hök­mün­de gö­nük­dir­me­giň Ter­ti­bi­ni tas­syk­la­mak ha­kyn­da» Ka­ra­ra gol çek­me­gi, ýur­du­myz­da tä­ze iri se­na­gat we dur­muş mak­sat­ly tas­la­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­niň do­wam et­di­ril­jek­di­gi­niň aý­dyň be­ýa­ny­dyr.
Bu­lar­dan baş­ga-da, go­laý­da Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Mej­li­sin­de 2022-nji ýyl üçin Döw­let býu­je­ti ka­bul edil­di. Ýur­du­my­zyň 2022-nji ýyl üçin Döw­let býu­je­ti­niň çyk­da­jy bö­le­gi­niň mad­da­la­ry aý­lyk zäh­met hak­la­ry­nyň, pen­si­ýa­la­ryň, döw­let kö­mek pul­la­ry­nyň, ta­lyp we diň­leý­ji hak­la­ry­nyň go­ra­gy­ny üp­jün ed­ýär, olar Türk­me­nis­ta­nyň Prezidentiniň de­giş­li Permanyna la­ýyk­lyk­da 10 gö­te­rim ýo­kar­lan­dy­ry­lar. Şeý­le hem gel­jek ýy­lyň esa­sy ma­li­ýe res­mi­na­ma­syn­da dur­muş ugur­ly ul­gam­la­ra, ýag­ny ylym-bi­lim, sag­ly­gy go­ra­ýyş hem-de beý­le­ki ugur­la­ra Döw­let býu­je­ti­niň se­riş­de­le­ri­niň köp bö­le­gi­niň gö­nük­di­ril­me­gi ýur­du­myz­da «Döw­let adam üçin­dir!» di­ýen baş ýö­rel­gä­niň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär.
Ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň ok­gun­ly ösü­şi­ne san­ly ul­ga­myň hem go­şan­dy ulu­dyr. Döw­le­ti­mi­ziň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň san­ly ul­ga­ma ge­çi­ril­me­gi, il­ki bi­len, yk­dy­sa­dy iş­le­re gat­na­şy­jy­la­ryň, ýag­ny gu­ra­ma­la­ryň, kär­ha­na­la­ryň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň dep­gi­ni­ni çalt­lan­dyr­ma­ga ýar­dam ed­ýär. San­ly yk­dy­sa­dy­ýet iş üp­jün­çi­li­gi­ni art­dyr­ma­ga-da şert dö­red­ýär. San­ly ul­ga­my or­naş­dyr­mak mag­lu­mat­la­ryň uly möç­be­ri­ni sel­jer­mä­ge we go­ra­ma­ga hem-de san­ly mar­ke­ting bi­len bag­ly tä­ze hü­när­le­riň ýü­ze çyk­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär.
San­ly yk­dy­sa­dy­ýe­tiň esa­sy aý­ra­tyn­ly­gy­ tä­ze çöz­güt­le­ri ka­bul et­mek­de, tä­ze önüm­le­ri ön­dür­mek­de we hyz­mat­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­mek­de san­ly mag­lu­mat­la­ryň äh­mi­ýe­ti­niň ýo­kar­lan­ýan­dy­gydyr. Ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň yzy­gi­der­li ös­dü­ril­me­gi hem-de hal­ky­my­zyň aba­dan dur­mu­şy­nyň üp­jün edil­me­gi ba­bat­da alnyp barylýan iş­le­riň sa­ka­syn­da duran, ýurdumyzy ösüş­ler­den-ösüş­le­re alyp bar­ýan hormat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ja­ny sag bol­sun, be­ýik iş­le­ri üs­tün­lik­le­re bes­len­sin!

Ser­dar ATA­ÝEW,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.