20-21-nji sent­ýabr­da paý­tag­ty­myz­da ýur­du­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 32 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy üs­tün­lik­le­ri­niň ser­gi­si ge­çi­ril­di. Däp bol­şy ýa­ly, Wa­ta­ny­my­zyň baş baý­ra­my­nyň öňü­sy­ra­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň Söw­da-se­na­gat eda­ra­syn­da ge­çi­ril­ýän no­bat­da­ky yk­dy­sa­dy göz­den ge­çi­ri­liş ösü­şiň aý­dyň ýo­lu­na dü­şen mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň gu­wan­dy­ry­jy üs­tün­lik­le­ri­ni şöh­le­len­dir­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir.

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de mil­li we dün­ýä tej­ri­be­si­ni öw­ren­mek, öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak ar­ka­ly in­no­wa­si­on ösü­şi üp­jün et­mek Türk­me­nis­ta­nyň halk ho­ja­ly­gy top­lu­my­nyň ok­gun­ly ös­me­gi­niň baş şer­ti bo­lup dur­ýar. Bu ugur şu ge­zek­ki göz­den ge­çi­ri­li­şiň hem hä­si­ýet­li ta­ra­py bo­lup, onuň işi­ne yk­dy­sa­dy­ýe­tiň döw­le­te da­hyl­ly bö­le­gi­niň dü­züm­le­ri­niň, bi­lim, me­de­ni­ýet, sport, sy­ýa­hat­çy­lyk ul­gam­la­ry­nyň we­kil­le­ri, ýur­du­my­zyň te­le­ke­çi­le­ri gat­naş­dy­lar.
Ser­gi­niň açy­lyş da­ba­ra­sy­na Hö­kü­met ag­za­la­ry, Mej­li­siň, mi­nistr­lik­le­riň, pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň, we­la­ýat­la­ryň we Aş­ga­bat şä­he­ri­niň hä­kim­lik­le­ri­niň, ýur­du­myz­da iş­le­ýän dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ryň, hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry, işe­wür to­par­la­ry­nyň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar. Myh­man­la­ryň ha­ta­ryn­da Dün­ýä türk­men­le­ri­niň yn­san­per­wer bir­le­şi­gi­niň XXIV mas­la­ha­ty­na gat­na­şy­jy­lar hem bar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň fo­ru­ma gat­na­şy­jy­la­ra ibe­ren Gut­la­gyn­da ýur­du­myz­da dö­re­di­len berk yk­dy­sa­dy bin­ýat we dur­muş ul­ga­myn­da ýe­ti­len sep­git­ler Türk­me­nis­ta­nyň gel­jek­ki ösü­şi­niň hem yg­ty­bar­ly gi­re­wi­dir. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň bin­ýa­dy­nyň has-da ber­ki­dil­me­gi bag­ty­ýar hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­niň yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­ma­gy­ny üp­jün ed­ýär di­ýip bel­le­nilýär.
Kö­pu­gur­ly göz­den ge­çi­ri­liş giň ser­gi zal­la­ryn­da ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy. Döw­re­bap ma­ha­bat en­jam­la­ry bi­len üp­jün edi­len ýö­ri­te­leş­di­ri­len bö­lüm­ler pu­dak­la­ryň üs­tün­lik­le­ri­ni, bäs­deş­li­ge ukyp­ly we is­leg bil­di­ril­ýän önüm­le­riň giň gör­nüş­le­ri­ni, hyz­mat­lar ul­ga­myn­da tä­ze­lik­ler­dir tek­lip­le­ri ta­nyş­dyr­mak üçin ne­ti­je­li meý­dan­ça öw­rül­di.
Dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry fo­ru­ma gat­na­şy­jy­la­ry we myh­man­la­ry Ga­raş­syz Wa­ta­ny­my­zy wasp ed­ýän aý­dym-saz­lar bi­len gar­şy­la­dy­lar.
Ser­gi meý­dan­ça­syn­da ila­tyň dur­muş de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­na, adam­la­ryň zäh­met çek­me­gi we dynç al­ma­gy üçin my­na­syp şert­le­riň dö­re­dil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len döw­let mak­sat­na­ma­la­ry­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gin­de yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň dür­li pu­dak­la­ry­nyň goş­ýan go­şant­la­ry­dyr müm­kin­çi­lik­le­ri giň­den şöh­le­len­di­ril­ýär. Bu ýer­de ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly en­jam­lar, hä­zir­ki za­man gur­lu­şyk we ti­mar­la­ýyş se­riş­de­le­ri, komp­ýu­ter, kom­mu­ni­ka­si­ýa müm­kin­çi­lik­le­ri, azyk se­na­ga­tyn­da ýe­ti­len sep­git­ler, eko­lo­giýa me­se­le­le­riniň çöz­gü­di­ni tap­mak­da ga­za­ny­lan üs­tün­lik­ler, sport we sy­ýa­hat­çy­lyk ul­ga­my­nyň ösü­şi, ýur­du­my­zyň yl­my, me­de­ni kuw­wat­lyk­la­ry gör­ke­zil­ýär.
Ser­gi­niň çäk­le­rin­de mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň pu­dak­la­ry­nyň üs­tün­lik­le­ri­niň ma­ha­bat-ta­nyş­dy­ry­lyş çä­re­le­ri gu­ral­dy. Ýur­du­my­zyň eko­lo­gi­ýa sy­ýa­sa­ty­na, şä­her gur­lu­şy­gy­na, şeý­le hem ne­bit­gaz top­lu­my­nyň Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da ýe­ten sep­git­le­ri­ne we gel­jek­ki ösüş mak­sat­na­ma­la­ry­na ba­gyş­la­nan «te­ge­lek stol» mas­la­hat­la­ry ge­çi­ril­di. Ser­gi­niň ikin­ji gü­nün­de köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri­niň du­şu­şy­gy hem-de bi­lim, be­den­ter­bi­ýe, sport ul­gam­la­ry­ny has-da ös­dür­me­giň ugur­la­ry­ny we gel­je­gi­ni ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ga ba­gyş­la­nan mas­la­hat­la­r gu­ral­dy.