«Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylan ýylda ýurdumyzyň ähli ugurlary bilen bir hatarda ylym-bilim ulgamynda hem täze ösüşler gazanylýar, innowasion özgertmeler amal edilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň 2007-nji ýylda döwlet Baştutanlygyna saýlanan ilkinji günlerinde bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmek bilen bagly Permana gol çekmegi, ýurdumyzy bilim babatynda dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykarmak üçin öňde goýan wezipeleri bilim ulgamynyň işgärlerini täzeçil işlemäge ruhlandyrdy.
Şeýle hem milli Liderimiziň degişli Karary bilen tassyklanyp, häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, bilim ulgamynda sanly ulgama geçmek, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň iň soňky gazananlaryna esaslanýan, innowasion, ýokary tehnologiýadan baş çykarýan ýaşlary ýetişdirmek ugrunda uly işler alnyp barylýar.
Gahryman Arkadagymyz halkymyzyň «Akyl ýaşda däl, başda», «Akyl Allanyň gözüdir, ynsap halk gözüdir», «Akyl aňlanylýan we aňlanylmaýan dertleriň baryndan halas edýändir», «Akyl kämilligi Watanyň nämedigine düşünmekdir», «Akylyň iň ýokary derejesi parasatdyr» ýaly pähimli pikirleri döredendigini, akyl-paýhasyň könelmeýändigini, wagt geçdigiçe, onuň manysynyň dür bolup öwşün atýandygyny belleýär. Şu ýerden bolsa gün-günden özgerýän ýurdumyzda ylym bilen paýhasyň sazlaşykly baglanyşygyny gazanmagyň ähmiýeti aýdyň görünýär.
Ýurdumyzda amala aşyrylýan bilim syýasaty türkmen halkynyň döredijilik, gurujylyk, oýlap tapyjylyk ukyplaryny açmagy göz öňünde tutýar. Bu meseläniň ylym-bilim ulgamynyň durnukly kämilleşmegi, onuň bäsdeşlige ukyply hünärmenleri ýetişdirmegi esasynda çözülýändigini görýäris. Döwrüň talaplaryny amal etmäge ukyply täze nesli ýetişdirmek üçin aýratyn ähmiýet berilýär.
Bu gün döwlet Baştutanymyzyň ylym ulgamynda geçirýän düýpli özgertmeleri günsaýyn çuňlaşýar, türkmen ylmy täze belentliklere çykýar. Bu ynsanperwer ylymlar babatda-da şeýledir. Hormatly Prezidentimiziň irginsiz aladalary netijesinde ene dilimizi, edebiýatymyzy we milli golýazma mirasymyzy öwrenmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Milli Liderimiz: «Ýaşlara berjek öwüdim – hemişe ylym-bilime, pähim-paýhasa, akyl-danalyga teşne boluň!» diýmek bilen, ýaşlarymyzyň ylym-bilim öwrenmek üçin bar gujurlaryny gaýgyrmaly däldiklerini belläp geçýär.
Sanly bilim ulgamyny ösdürmek bu ugurda tehnologik täzeçilligi döretmegi we ýaýratmagy, bilim edaralarynyň tehnologiýa taýdan ösmeginiň çaltlandyrylmagyny, şeýle hem bilimiň ähli basgançaklary üçin zerur elektron maglumatlar gorunyň döredilmegini we olara bitewi tor arkaly elýeterliligi üpjün etmegi göz öňünde tutýar.
Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynda eden maksatnamalaýyn çykyşynda belläp geçişi ýaly, biziň ýaşlarymyz giň gerimli halkara ylmy-barlag taslamalaryna işjeň gatnaşmalydyr. Munuň özi ýaş alymlarymyzyň tagallalarynyň strategik innowasion ugurlar boýunça daşary ýurt ylmy-barlag birleşikleri bilen goşulyşmagyna mümkinçilik berer. Biziň täze syýasy we ykdysady ugrumyz ýaşlara oňat bilim bermäge, diýmek, has mynasyp geljegi üpjün etmäge gönükdirilendir.
Ine, şu nukdaýnazardan hem ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň taryhy taýdan uzak bolmadyk döwründe bilim ulgamynda düýpli özgertmeler amala aşyryldy, ony kämilleşdirmek, ýaşlara berilýän bilimiň hilini dünýä derejesine laýyk getirmek, döwrebap okuw kitaplaryny we gollanmalaryny neşir etmek, iň täze tehnologiýalary, okuw-tehniki enjamlary ylym-bilim ulgamyna ornaşdyrmak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär.
Her bir ýurduň ösüşi ozaly bilen, şol ýurtda ylym-bilim ulgamynyň kämilleşdiriliş derejesi bilen kesgitlenilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda döwrebap bilim almak we döredijilik mümkinçilikleriniň şeýle tiz ösüş derejesi bu ulgamyň merkezinde goýlup, onuň maddy-tehniki, okuw-usulyýet, tejribe esaslary pugtalandyrylýar.
Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde durmuşa geçirilýän sanly ulgam innowasion özgertmeleriň barşynda bilim ulgamynyň işgärleriniň öňünde täze wezipeler goýulýar. Dünýä döwletleri bilen alnyp barylýan dostlukly gatnaşyklar bilen ýurdumyz ösüşleriň täze belentliklerine göterilýär.
Sona ALIMOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň iňlis diliniň fonetikasy we leksikologiýasy kafedrasynyň mugallymy.