Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň ýola goýan beýik işlerini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň saglygy we abadançylygy ugrunda nusgalyk işler amala aşyrylýar. Şu nukdaýnazardan ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasy we beýleki ugurdaş maksatnamalar eziz Watanymyzyň ilatynyň saglygyny ählitaraplaýyn goramaga, ýaşlary sport bilen yzygiderli meşgullanmaga giňden çekmäge ýardam edýär. Ýurdumyzda innowasion tehnologiýaly häzirki zaman lukmançylyk merkezleriniň, döwrebap şypahanalaryň yzygiderli gurlup, ildeşlerimiziň hyzmatyna berilmegi hem ynsan saglygy hakda edilýän aladanyň subutnamasydyr.
Häzirki wagtda ak mermerli paýtagtymyzda Halkara pediatriýa merkeziniň, 500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň hem-de beýleki saglygy goraýyş desgalaryň gurluşygy giň gerimde alnyp barylýar. Iň kämil lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyryljak bu desgalar ýurdumyzda öňden bar bolan saglygy goraýyş merkezleriniň we desgalarynyň üstüni ýetirer. Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezini enjamlaşdyrmak işlerinde-de Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň bilermenleri bilen iş alnyp barlar.
Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly tekliplerinden ugur alnyp, ýokary halkara hil görkezijilerine doly laýyk gelýän, çig mal binýady bolan Arkadag şäherinde lukmançylyk klasterini döretmek boýunça işler üstünlikli alnyp barylýar. Lukmançylyk klasterini döretmek biziň ýurdumyz üçin täze tejribe hasaplanylýar. «Klaster» düşünjesi barada aýdylanda, lukmançylyk klasteri lukmançylyk kömegini bermegiň innowasion usuly bolup, ol lukmançylyk ugurly beýleki desgalardan we hassahanalardan aýratyn tapawutlanýar. Ol biri-birine ýakyn aralykda ýerleşen, dürli ugurlara ýöriteleşen, biri-biriniň üstüni ýetirýän hem-de özara baglanyşykly bolan lukmançylyk edaralarynyň toplumydyr. Arkadag şäherinde gurulýan lukmançylyk klasteri derman serişdelerini, lukmançylyk tehnologiýasyny hem-de serişdelerini işläp taýýarlamakda we bu ugurda döwrebap bilim bermekde, raýatlaryň saglygyny goramak işleri boýunça iň kämil dünýä tejribelerini peýdalanmak bilen, ylmy işleri geçirmäge niýetlenilen innowasion tehnologiýadyr. Bu lukmançylyk klasteri diňe bir içerki bazar üçin däl, eýsem, eksport üçin hem dürli görnüşli lukmançylyk önümlerini öndürmäge niýetlenilendir. Çünki eziz Diýarymyzyň tebigaty hususan-da, Garagum sährasy eksport ugurly harytlary öndürmek üçin ägirt uly çig mal serişdeler goruna eýedir.
Muhametmyrat KAKAJYKOW,
Daşoguz welaýat Maýyplaryň we gartaşan adamlarynyň öýüniň direktory.