Gurban baýramy bagtyýar halkyň agzybirligini, jebisligini, azat, erkana durmuşyny, ynsana goýulýan belent sarpany aňladýar, adamlaryň ýüreginde birek-birege mähremlige, dost-doganlyga bolan duýgyny berkidýär. Türkmen topragynda gadymdan bäri aýratyn sarpalanýan bu mukaddes baýramçylygyň milli senenamamyzyň ähmiýetli seneleriniň sanawyna girizilmegi bilen, ata-babalarymyzyň ajaýyp däplerini dowam edýän halkymyz Gurban baýramyny giňden, agzybirlikde we ruhubelentlikde bellär.
Gurban baýramy ozaly bilen maşgala baýramy bolup, her öýde myhmanlar üçin datly tagamlar taýýarlanylýar. Bu baýram hoşmeýilliligiň we mähribanlygyň baýramy.
Türkmen zyýaratçylary haja gitdiler
Hormatly Prezidentimiziň Buýrugyna laýyklykda, 2–22-nji iýul aralygynda haj parzyny berjaý etmek üçin, 275 sany türkmen zyýaratçylary Mekge-Medinä gitdiler. Mukaddes Gurban baýramynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna we paýtagtymyza wekilçilik edýän watandaşlarymyz tutuş dünýäniň zyýaratçylarynyň millionlarçasy bilen bir hatarda, şu sahawatly günlerde mukaddes Käbä tagzym etmek we beýleki däp bolan dessurlary berjaý edýärler.
Mekge ýylda millionlarça musulmany kabul edýän halkara zyýarat merkezidir. Hut şu ýerde – mukaddes şäheriň ýüreginde, dünýäniň iň uly we esasy metjidi bolan Al-Haram metjidi ýerleşýär. Al-Haram metjidiniň içerki howlusynyň merkezinde yslamyň esasy mukaddesligi – Käbe ýerleşýär. Ol daşdan gurlan hem-de beýikligi 15 metr kub görnüşli bina bolup, onuň çüňkleri dünýäniň dört tarapyny görkezýär.
Käbe «al-Bait al-Haram» diýlip atlandyrylyp, arapça «mukaddes öý» diýmegi aňladýar. Dünýäniň ähli musulmanlary üçin ol kybla bolup hyzmat edýär. Musulmanlar namaz okanlarynda, ýüzlerini şoňa tarap öwürýärler. Käbäniň gündogar tarapynda, bir ýarym metr belentlikde Allatagala tarapyndan inderilen Hajar al-Asweti (Gara daş) oturdylypdyr. Zyýarat wagtynda musulmanlar şol daşa ellerini degirýärler. Şeýle hem Al-Haram metjidinde mukaddes Zemzem çeşmesi bar. Şol çeşmäniň töwereginde-de Mekge döräpdir.
Gurban baýramynyň sahawatly günlerinde türkmen zyýaratçylary Mekgede haj parzyny berjaý ederler. Bu ýerde olar Mekgede Zem-Zem çeşmesi, Al-Haram metjidi ýaly musulman dünýäsiniň baş mukaddesliklerine baryp togap ederler, mukaddes Käbäniň daşyndan aýlanarlar. Medinede bolsa Muhammet Pygamberiň, onuň egindeşleriniň ruhlarynyň aram tapan ýerlerine, dünýä belli metjitlere we beýleki mukaddes ýerlere zyýarat ederler. Haj parzynyň we mukaddes urp-adatlaryň berjaý edilýän wagty watandaşlarymyz eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, hormatly Prezidentimiziň baş saglygyna, häzirki we geljekki nesillerimiziň abadançylygynyň we bagtyýarlygynyň hatyrasyna milli Liderimiz tarapyndan amala aşyrylýan ähli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin Beýik Biribardan doga-dileg ederler.
Ýakynda hormatly Prezidentimiz mukaddes Mekge şäherinde bolup, umra hajy däp-dessurlaryny berjaý etdi. Iýun aýynyň 1-inden 2-sine geçilýän gijede, Arkadagly Serdarymyzyň zyýaraty wagtynda mukaddes Käbäniň – Allatagalanyň öýüniň keramatly örtügi serpilip, mübärek gapylary açyldy we onuň içinde namaz okamak üçin mümkinçilik döredildi. Şeýle-de, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa mukaddes Käbeden keramatly nyşan hasaplanýan teperrik gowşuryldy.
Gurban baýramynyň toý-dabarasy uludan tutular
Gurban baýramynyň toý-dabarasy Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň çar künjeginde giňden bellenilip geçiler. Gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan bu mukaddes baýram gadymy halkymyzyň kalbyna çäksiz ylham, joşgun we şatlyk paýlaýar. Baýramçylyk günleri ýurdumyzyň ähli ýerinde toý saçaklary giňden ýazylyp, toý tagamlary taýýarlanylar.
Gurban baýramynda edilen arzuw-islegler, päk niýetler hasyl bolýar. Bu baýramyň öň ýanynda öýke-kineli adamlar ýaraşypdyrlar. Gurban baýramynda dürli tagamlar bilen birlikde «Gurban şor» taýýarlanyp, ondan garyndaşlara we goňşulara dadyrylýar. Gurban etini paýlamak hem asylly däbe öwrülipdir.
Baýram günlerinde täze egin-eşikler geýnip, özüňe, öý-içeriňe serenjam berilýär. Birek-biregiň öýüne baryp, tagam iýip, «indiki ýyllara hem Hudaý ýetirsin» diýlip, ýagşy dilegler edilýär.
Gurban baýramynyň terbiýeçilik ähmiýeti juda uludyr. Ol ynsanperwerligiň, dost-doganlygyň, birek-birege hoşmeýilli gatnaşyklaryň has baýlaşmagyna we çuňňur many-mazmuna eýe bolmagyna ýardam edýär, her bir ynsanda belent adamkärçiligi, päkligi, açykgöwünliligi, birek-birege hemişe goldaw-ýardam bermäge çalyşmagy terbiýeleýär. Şeýle hem Gurban baýramy halkymyzyň agzybirligini, jebisligini pugtalandyrmaga itergi berýär. Dana pederlerimiziň asylly ýol-ýörelgesine eýerýän il-günümiz ony dowam etdirýär.
Gurbanlyk barada
Gurban baýramy adamzat ähliniň iň gadymy baýramlarynyň biri bolup, musulman baýramy hökmünde köp halklarda bellenilip gelinýär.
Gurban sözi arapçadan terjime edilende, «ýakynlaşmak, ýakyn bolmak» diýen manyny aňladýar. Gurban baýramy Yslam äleminiň hijri-kamary ýyl hasabyna görä, Zilhijje (Gurban aýy) aýynyň 10-13-nji günlerinde geçirilýän baýramdyr. Kuran-y Kerimde aýdylyşy ýaly, bu baýram hezreti Ybraýymyň sünneti hökmünde bellenilip gelinýär.
Gurbanlyk Resulallah (s.a.w.) tarapyndan ilkinji gezek hijretiň birinji ýylynda Medinede Allahyň emri dogrusynda ähli möminlere baýram hökmünde yglan edilýär we bu günlerde baýram namazyny okamak we gurbanlyk kesmek wajyp kylynýar.
Gurban ybadatynyň şerti gurbanlyk bermekdir. Sygyr we düýäni ýedi kişä çenli şärik bolup soýmak mümkindir. Emma goýun we geçini diňe bir adam gurban kesip biler, bular üçin şärik bolmak dogry hasaplanmaýar. Gurbanlyk mal Gurban baýramynyň birinji, ikinji we üçünji günlerinde soýulýar, ýöne birinji günde soýulmagy has sogaplydyr. Gurban kesmegiň wagty baýram namazynyň okalmagyndan soňradyr.