Ynsanperwerlik türkmen halkynyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ajaýyp ýörelgeleriniň biridir. Türkmen halky uzak taryhy döwürlerden bäri nesilleriň beden we ruhy sagdynlygyna, maşgala däplerine, edep-ekrama, adamkärçilige, pähim-paýhasa, zähmete uly ähmiýet berip gelýär. Merdana ata-babalarymyz bu mukaddes ýörelgeleri asyrlaryň dowamynda kämilleşdirip, baýlaşdyryp, nesillerden-nesillere geçiripdirler.
Häzirki döwürde ýurdumyzda ynsanperwerlik ýörelgeleri has hem işjeň ösdürilýär. Ýurdumyzyň ýaşajyk raýatlary söýgi we alada bilen gurşalýar, maşgala goldaw bermek, eneligi, çagalygy goramak, ýaş nesle döwrebap terbiýe we bilim bermek ugrunda uly alada edilýär. Beýleki ýurtlaryň raýatlaryna hem ynsanperwerlik kömeginiň berilmegi hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ynsanperwerlik, hoşniýetli goňşuçylyk, özara goldaw bermek ýörelgelerine ygrarlydygyny görkezýär.
Golaýda ýurdumyz Owganystanyň ýertitremeden ejir çeken çagalaryna we ýaşaýjylaryna ynsanperwerlik kömegini berdi. Munuň özi ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda türkmen halkynyň dünýä nusgalyk asylly ýörelgeleriniň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede dowam etdirilýändiginiň nobatdaky beýanydyr.
Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, goňşy owgan halkyna, ýertitremeden ejir çeken çagalaryna dokma, azyk önümleri, egin-eşikler hem-de durmuşda zerur bolan beýleki önümler ynsanperwerlik kömegi hökmünde ugradyldy.
Ýurdumyz özara kömek bermegiň köpasyrlyk däplerine eýerip, ozalky ýyllarda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan welaýatyna, Owganystana, Eýrana, Palestina, Türkiýe Respublikasyna hem ynsanperwerlik kömegini ugradypdy.
Türkmen halkynyň gadymdan gelýän mätäji goldamak, oňa kömek bermek ýaly ýörelgelerine eýermek bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy dünýäniň dürli ýurtlarynyň heläkçilikler zerarly ejir çeken çagalaryna we ilatyna ynsanperwerlik kömegini berýär. Bu bolsa halklaryň arasynda dost-doganlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär.
Arkadag şäherinde ýerleşýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy geljegimiz bolan ýaş nesilleriň saglygyny goramak we dikeltmek bilen bagly örän möhüm işleri hem alyp barýar.
Dost-doganlyk, goldawa mätäçlere duýgudaşlyk bildirmek hem-de kömek etmek milletimiziň ynsanperwer ýörelgeleriniň aýrylmaz bölegidir. Şunuň ýaly ynsanperwerlik kömegi çylşyrymly durmuş ýagdaýyna düşen adamlar üçin ruhy daýanja öwrülýär. Ösüp gelýän ýaş nesliň abadan, bagtyýar durmuşyny üpjün etmek meselelerini hemişe üns merkezinde saklaýan Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda döredilen haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işiniň binýadynda türkmen halkynyň asylly, ynsanperwer gymmatlyklary durandyr.
Gazna esaslandyrylan pursadyndan bäri iş ugurlaryny yzygiderli giňeltmek we halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek maksady bilen, giň gerimli çäreleri durmuşa geçirýär. Çagalar, olaryň saglygy we sazlaşykly ösüşi barada hemmetaraplaýyn alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işiniň esasy maksady diňe bir ýaş türkmenistanlylary däl, eýsem, zerurlyk bolan ýagdaýynda beýleki ýurtlaryň çagalaryny hem goldamakdan ybaratdyr. Çünki ýaş nesil biziň geljegimizdir. Gazna tarapyndan birnäçe döwletiň çagalaryna ynsanperwerlik kömekleriniň berilmegi munuň aýdyň güwäsidir. Şeýlelikde, haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işi ýurtlaryň we halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna hem ýardam berýär.
Altyn USSAÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň uly mugallymy.