Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de eke­ran­çy­ly­gyň äh­li ugur­la­ryn­da bol­şy ýa­ly, eki­şiň me­de­ni­ýe­ti­ni mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek, onuň ha­syl­ly­ly­gy­ny art­dyr­mak, be­re­ket­li türk­men top­ra­gyn­dan ön­ýän nyg­mat­la­ryň gör­nüş­le­ri­ni kö­pelt­mek, daý­han­la­ra äh­li ugur­lar­dan ýar­dam et­mek ýa­ly tu­tum­ly iş­ler­den ruh­la­nan ýur­du­my­zyň eke­ran­çy­la­ry şu ýyl ekin­le­riň bol ha­sy­ly­ny ýe­tiş­dir­di­ler.
Ekiş iň­ňän mö­hüm we jo­gap­kär­li agro­teh­ni­ki usul­la­ryň bi­ri­dir. Eki­şiň wag­tyn­da we ýo­ka­ry hil­li ge­çi­ril­me­gi äh­li oba ho­ja­lyk ekin­le­rin­den ýo­ka­ry ha­syl al­ma­gyň esa­sy şer­ti­dir. Eki­şi wag­tyn­da ge­çir­mek to­hum­la­ryň şi­ne­le­me­gi, ösüm­lik­le­riň ösüp, boý al­ma­gy, ýo­ka­ry ha­sy­lyň ke­ma­la ge­ti­ril­me­gi üçin ýy­ly­ly­gyň, yz­ga­ryň we ýag­ty­ly­gyň has amat­ly şert­le­ri­ni dö­red­ýär. Ekiş öz wag­tyn­da ge­çi­ril­me­se, ýa­ňy gö­ge­rip çy­kan gä­mik­le­riň ýa-da öň ösüp otu­ran ösüm­lik­le­riň amat­syz şert­ler­de ös­me­gi ha­sy­lyň ýi­ti­ril­me­gi­ne ge­ti­rip bi­ler. Dür­li ekin­le­riň ekiş möh­let­le­ri ola­ryň bio­lo­gik aý­ra­tyn­lyk­la­ry­na we daş­ky gur­şa­wyň esa­sy fak­tor­la­ry­nyň ta­lap­la­ry­na bag­ly­dyr.
Äh­li ýaz­lyk ekin­ler iki to­pa­ra bö­lün­ýär. Bi­rin­ji to­pa­ra gir­ýän ir­ki ýaz­lyk ekin­le­riň to­hum­la­ry 5°C-den pes tem­pe­ra­tu­ra­da gö­ger­ýär, gö­ge­ren gä­mik­ler so­wu­ga çy­dam­ly bol­ýar. Ýaz­lyk bug­daý, ar­pa, sü­le, no­hut, kö­sük­li­ler, mer­ji­mek, bur­jak, gorçisa, gü­ne­ba­kar, gant şu­gun­dy­ry we beý­le­ki kök­li mi­we­li­ler, zy­gyr, köp­ýyl­lyk we kä­bir bir­ýyl­lyk ot­lar (dä­li­je­mäş) şu to­pa­ra de­giş­li­dir. Köp et­rap­lar­da bu ekin­ler top­rak ta­ba ge­len­de, ir­ki ýa-da aram möh­let­ler­de ýaz ekil­ýär.
8-12°C tem­pe­ra­tu­ra­da gö­ger­ýän, so­wu­ga çy­dam­syz ýy­ly­lyk sö­ýü­ji ekin­ler ikin­ji to­pa­ra gir­ýär. Mek­ge­jö­wen, da­ry, jöwen, şa­ly ýa­ly dä­ne­li ekin­ler, so­ýa we noý­ba ýa­ly kö­sük­li­ler, ara­his, kün­ji ýa­ly ýag ber­ýän ösüm­lik­ler, go­wa­ça ýa­ly sü­ýüm­li ekin­ler, şeý­le hem gar­pyz, kä­di, ga­wun, ka­ba­çok ýa­ly bak­ja ekin­le­ri şu to­pa­ra de­giş­li­dir. Olar top­ra­gyň üst­ki gat­la­gy (10sm) 10-14°C, bak­ja ekin­le­ri bol­sa 13-16°C-ä çen­li gy­zan­da ekil­ýär.
Güýz­lük ekin­ler­den bug­daý, ar­pa to­mus-güýz aý­la­ry, ýag­ny aw­gust­da ýa-da sent­ýabr­da ekil­ýär, gü­nor­ta­da bol­sa okt­ýabr­da, ýag­ny gä­mik­ler go­wy düýp ýaý­ra­dar ýa­ly, ymyk­ly so­wuk düş­me­gi­ne, tak­my­nan, 50 gün ga­lan­da ekil­ýär, bu bol­sa ola­ryň gyş­la­ma­gy üçin äh­mi­ýet­li­dir. Mek­ge­jö­wen, da­ry, greç­ka, no­hut, dä­li­je­mäş ýa­ly ekin­le­ri dür­li möh­let­ler­de ekip ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek bo­lar we ara­lyk ýa-da esa­sy ekin­den soň ekil­ýän ekin­ler hök­mün­de, edil şol ýyl ikin­ji ha­syl al­mak üçin peý­da­lan­mak bo­lar.

Haýytbaý Gylyjow,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.