21-nji fewralda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan ýerli çig mal serişdelerini rejeli we netijeli peýdalanmak, “Guwlyduz” kärhanasynyň işini has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, konsern tarapyndan dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan, ekologik taýdan arassa, bäsdeşlige ukyply önümleriň dürli görnüşlerini öndürmek üçin häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrylan önümçilikleri ýola goýmak babatda degişli çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýerli çig mal serişdelerini rejeli we netijeli peýdalanmak bilen, ösen tehnologiýalar ornaşdyrylan döwrebap önümçilikleriň ýola goýulýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Guwlyduz» kärhanasynyň çig mal binýadynda dürli görnüşli ýokary hilli duzlary öndürýän önümhanalary gurmak boýunça taýýarlanylan teklibi makullap, wise-premýere bu babatda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.