Ýurdumyzda ýaş nesilleri terbiýelemek, olara döwrebap bilim bermek boýunça giň mümkinçilikler döredilýär, bu ugurda ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamaga möhüm ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary hünär bilimi edaralarynyň hil görkezijilerini dünýä standartlaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça netijeli we ulgamlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň dünýäniň ykrar edilen abraýly reýting sanawlarynda mynasyp orun eýelemegi hem munuň aýdyň mysalydyr. Öňde goýlan wezipelere laýyklykda, öňdebaryjy tejribeler öwrenilip, ýurdumyzda ýokary okuw mekdepleriniň Milli reýting ulgamy hem-de Milli reýtingiň sanly portaly işe girizildi. Munuň özi ýokary hünär bilimi ulgamynyň hil görkezijileri boýunça oňyn ösüşleri gazanmaga ýardam etdi. Bu babatda alnyp barylýan işler bäsleşikli gurşawy döredip, her bir professor-mugallymyň, kafedranyň, fakultetiň we ýokary hünär bilimi edarasynyň hil görkezijilerini seljermek arkaly geljek üçin ösüş ugurlaryny aýratynlykda kesgitlemäge mümkinçilik berýär.
Bu barada 27-nji iýunda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa hasabat berdi.