Ýewropa Bileleşigi, esasan, geçen ýyl ýüze çykan çip ýetmezçiligini aradan aýyrmak üçin 46 milliard dollar maýa goýum goýberer. Ýewropa Komissiýasynda gol çekilen ylalaşyga görä, 27 ýurda çip önümçiligini maliýeleşdirmek üçin 46,6 milliard dollarlyk maýa goýum gönükdiriler. Ýewropa ýurtlaryň ýokary tehnologiýa talap edýän bu önümiň üpjün edilmeginde ABŞ-da we Hytaýa köp babatda garaşly bolup durýar. Sebit ýurtlarynda önümçiligiň ýola goýulmagy üçin täze maliýe goldawyny bermek üçin Ýewropa Parlementinde ses berlişik geçiriler. Maliýe goldawy awtoulag öndürijilerine, saglygy goraýyş we telekommunikasiýa pudagynda iş alyp barýan kompaniýalara täsirini ýetirer.
Maglumatlara görä, 2000-nji ýylda global çip önümçiliginiň Ýewropa Bileleşigi ýurtlaryna degişlidi. Beýleki ýurtlarda önümçiligiň artmagy bilen häzirki wagtda bu görkeziji 8 göterime çenli azaldy. Ýewropa Bileleşigi bu görkezijini 2030-njy ýyla çenli 20 göterime ýetimegi meýilleşdirýär.
Agageldi Rozgeldiýew, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
PDF









