Günorta Koreýanyň “Samsung” kompaniýasy ilkinjileriň hatarynda 2019-njy ýylyň başynda eplenýän ekranly smartfonyny tanyşdyrypdy. Şondan soňra beýleki käbir iri kompaniýalar hem şeýle telefonlaryň önümçiligini ýola goýdy. Şeýle-de bolsa, bu ugurda koreý brendi öňdeligi dowam etdirýär. Indi bolsa kompaniýa eplenýän ekranly ýankompýuter öndürmegi meýilleşdirýär. Kompaniýanyň şeýle enjamy öndürmek üçin patent alandygy bellenilýär. Patent üçin alnandygy bellenilýän surat uly “Samsung Galaxy Fold 4” smartfonyna meňzeş. Ortadan ikä eplenýän ekranyň aşagynda elektron klawiatura we “syçanjyk” pady, ýokarsynda bolsa adaty ekran bar. Bu dizaýn kompaniýanyň 2021-nji ýylda görkezen “Galaxy Book Fold 17” modeline hem meňzeýär. Şeýle-de bolsa, bu enjamyň “Galaxy Fold 17”-den kiçidigini görmek bolýar.
Bilermenler kompaniýanyň ýakyn geljekde eplenýän ekranly ýankompýuteri öndürip biljekdigini belleýärler.
Gadam Seýidow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
PDF









