Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Ýol he­re­ke­ti­niň howp­suz­ly­gy – öm­rü­mi­ziň ra­hat­ly­gy» at­ly bi­raý­ly­gy ge­çir­mek bo­ýun­ça asyl­ly baş­lan­gy­jy Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baş­tu­tan­ly­gyn­da hä­zir­ki wagt­da üs­tün­lik­li do­wam et­di­ril­ýär. Şun­dan ugur alyp, bir aýyň do­wa­myn­da ilat ara­syn­da ýol he­re­ke­ti­niň düz­gün­le­ri­ni wa­gyz et­mek bo­ýun­ça eda­ra-kär­ha­na­lar­da, bi­lim eda­ra­la­ryn­da dür­li çä­re­ler ge­çi­ril­ýär. Güý­züň il­kin­ji gü­nün­de tä­ze okuw ýy­ly­nyň baş­lan­ma­gy bi­len, ýol­lar­da­ky he­re­ket hem iş­jeň­leş­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, or­ta, or­ta hü­när we ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de wa­gyz-ne­si­hat iş­le­ri­ni ge­çir­mek mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­dir.

Aw­tou­lag­la­ryň sa­ny­nyň bar­ha kö­pel­me­gi ýol­lar­da dür­li ky­sym­ly ulag­la­ryň he­re­ke­ti­niň ýyl-ýyl­dan ýyg­jam­laş­ma­gy­na ge­tir­ýär. Şol se­bäp­li he­re­ke­ti saz­la­şyk­ly gu­ra­mak, onuň howp­suz­ly­gy­ny ga­zan­mak me­se­le­si­niň äh­mi­ýe­ti art­ýar. Ýol-ulag ha­dy­sa­la­ry­nyň, il­kin­ji no­bat­da, bel­le­nen tiz­lik ka­da­sy­nyň ta­lap­la­ry­nyň bo­zul­ma­gy bi­len bag­la­ny­şyk­ly ýü­ze çyk­ýan­dy­gy hem­me­le­re mä­lim­dir. Ulag se­riş­de­si­niň ýo­ka­ry tiz­li­gi, teh­ni­ki taý­dan nä­saz­ly­gy we şu­ňa meň­zeş beý­le­ki ýag­daý­lar sü­rü­ji­ler­dir py­ýa­da­lar, şeý­le hem ýol he­re­ke­ti­niň saz­la­şy­gy üçin howp dö­red­ýär.

Ýol he­re­ke­ti­niň howp­suz­ly­gy di­ňe bir aw­tou­lag sü­rü­ji­le­ri üçin däl, eý­sem, py­ýa­da­la­ryň, ýo­lag­çy­la­ryň we äh­li jem­gy­ýe­tiň ýa­şa­ýyş-dur­mu­şyn­da mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­dir.

Däp bol­şy ýa­ly, şu ýyl hem bi­raý­ly­gyň çäk­le­rin­de ýur­du­my­zyň or­ta mek­dep­le­rin­de bi­lim al­ýan ça­ga­la­ryň ara­syn­da ýol he­re­ke­ti­niň düz­gün­le­ri bo­ýun­ça bäs­le­şik ge­çi­ri­ler. Şu gün­ler şol bäs­le­şi­giň we­la­ýat tap­gy­ry­ny ge­çir­mä­ge taý­ýar­lyk gör­ýä­ris. Şeý­le bäs­le­şik­ler ça­ga­la­ryň ýol he­re­ke­ti­niň düz­gün­le­ri­ni kä­mil bil­mek­le­ri­ne, ka­da­la­ra jo­gap­kär­çi­lik bi­len çe­me­leş­mek­le­ri­ne we jem­gy­ýet­de ýol me­de­ni­ýe­ti­niň ýo­kar­lan­ma­gy­na hyz­mat eder.

Şeý­le-de bi­raý­ly­gyň do­wa­myn­da bi­lim-ter­bi­ýe­çi­lik ojak­la­ryn­da «Ýo­ly­şyk – bi­ziň dos­tu­myz», «Ýol he­re­ke­ti­niň ka­da­la­ry­ny ber­jaý ede­liň!», «Ýo­lum abat – ilim abat», «Ýol he­re­ke­ti­niň howp­suz­ly­gy – öm­rü­mi­ziň ra­hat­ly­gy», «Ýa­şyl yşyk» ady bi­len wa­gyz-ne­si­hat çä­re­le­ri hem ge­çi­ril­ýär, mek­dep okuw­çy­la­ry­dyr kör­pe­le­re ýol he­re­ke­ti­niň ka­da­la­ry, py­ýa­da­lar üçin ni­ýet­le­nen ýer­ler, ýan­ýo­da­lar, ýe­ras­ty ge­çel­ge­ler, ýo­ly­şy­gyň bar ýe­rin­de ýol­dan geç­me­giň düz­gün­le­ri ba­ra­da tä­sir­li gür­rüň­ler be­ril­ýär, şeý­le-de bäs­le­şik­ler gu­ral­ýar.

Bi­raý­ly­gyň esa­sy mak­sa­dy döw­let hem-de şah­sy ulag­la­ryň gat­naş­ma­gyn­da, ýol­lar­da gat­naw­la­ryň ýol he­re­ke­ti­niň düz­gün­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da howp­suz he­re­ke­ti­ni üp­jün et­mek­den, yn­san öm­ri, sag­ly­gy üçin howp­ly bo­lan ýol-ulag ha­dy­sa­la­ry­nyň öňü­ni al­mak­dan, ýol he­re­ke­ti­ne gat­naş­ýan sü­rü­ji­le­riň, py­ýa­da­la­ryň hüş­gär­li­gi­ni, se­re­sap­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak­dan, ýol he­re­ke­ti­niň düz­gün­le­ri­ni pug­ta ber­jaý et­mek­li­ge ola­ryň ün­sü­ni çek­mek­den yba­rat­dyr.

Ýalkap HUDAÝBERDIÝEW,

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Polisiýanyň ýol gözegçiligi bölüminiň gözegçisi, polisiýanyň uly leýtenanty.