Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň abadan hem parahat durmuşda ýaşamagy üçin ägirt uly işler amala aşyrylýar.
Her ýylyň sentýabr aýynyň 1–30-y aralygynda ýurdumyzda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk geçirilýär.
Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň yglan eden «Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça 10 ýyllyk Maksatnamasyny» durmuşa geçirmek üçin 2012-nji ýylyň 31-nji martynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi.
Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen, ýurdumyzda ýaş nesliň sagdyn ösmegi, bagtyýar durmuşda ýaşamagy babatda uly işler amala aşyrylýar. Şol derwaýys işleriň möhüm bölegi hem olaryň saglygyny goramak maksady bilen, köçelerde howpsuzlyk düzgünleriniň doly ýerine ýetirilmegini gazanmakdyr.
Ýurdumyzyň ýol-ulag düzümi yşyklar bilen kadalaşdyrylýan çatryklary, köprüleri, ýerüsti hem ýerasty geçelgeleri, awtoduralgalary we beýlekileri öz içine almak bilen, pyýadalaryň mümkinçiliklerini has-da giňeldýär. Häzirki wagtda paýtagtymyzyň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň netijesinde döwrebap köprüleriň, halkalaýyn aýlaw ýolunyň we goşmaça ýol şahalarynyň sany barha artýar. Bu bolsa köçelerde ugurlaryň hereketini sazlaşdyrmaga mümkinçilik berýär.
Hormatly Prezidentimiz ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, sürüjileriň hem-de pyýadalaryň ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmegine berk gözegçiligi amala aşyrmak, ulagy dolandyrmagyň, ýollarda özüňi alyp barmagyň medeniýetini ýokarlandyrmak, ýol hereketini kadalaşdyrýan ulgamy has-da kämilleşdirmek, ýoluň ýagdaýyny degişli derejede saklamak ýaly ugurlara yzygiderli üns berýär. Paýtagtymyzda ulag hereketiniň artýandygyny nazara almak bilen, degişli işleri guramak meselelerine döwrebap serişdeleriň we usullaryň esasynda çemeleşilýär. Munuň özi ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek, ýollarda howpsuz şertleri döretmegi hil taýdan täze derejä çykarmak boýunça hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen amala aşyrylýan işleriň rowaçlanýandygyna şaýatlyk edýär.
Öz saglygymyza, durmuşymyza howp salýan hadysalardan ägä bolalyň, seresaplygy elden bermäliň!
Raýatlaryň saglygy, abadan durmuşy we ýollarymyzyň howpsuzlygy ugrunda taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun.
Ogulgerek Çarygulyýewa,
Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkeziniň fizioterapiýa we bejeriş bedenterbiýe bölüminiň müdiri.
PDF









