Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözel Diýarymyzyň asuda hem-de abadan ýollary döwrebap durmuşymyzy has-da gözelleşdirýär. Şeýle ýollaryň asuda hem-de parahat bolmagy üçin ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek esasy wezipe bolup durýar. Ýollarda howpsuzlyk çärelerini berjaý etmek boýunça gündelik düşündiriş we öňüni alyş işleri içeri işler edaralarynyň işiniň iň möhüm böleklerinden biridir.
Gyş paslynda howanyň häli-şindi üýtgäp durmagy sürüjilerden seresap bolmagy talap edýär. Aýratyn hem ümürli, ýagyşly howada gözýetim çäkli bolýar we şeýle ýagdaýda sürüjiler ulaglaryny pes tizlikde sürmelidirler. Bu aýratyn hem ýollaryň hereket edilýän böleklerinde sürçek emele gelende wajypdyr. Çünki sürçek ýollarda ulagy dolandyrmak çylşyrymlaşýar, ulagy saklamak üçin adatdakylaryndan uzak aralyk gerek bolýar. Şunuň bilen baglanyşykly, ulaglaryň tigirleriniň bellenilen kadalara laýyk gelmelidigini ýatladýarys.
Ýol hereketiniň kadalary öz gözbaşyny irki wagtlardan alyp gaýdýar. Irki döwürlerde ýol hereketiniň özboluşly düzgünleri döräp başlapdyr we onuň üçin ýörite gulluk hem döredilipdir. Bu gullugyň işgärleri diňe bir ýol hereketine gözegçilik etmek bilen çäklenmän, şol döwürde ulaglaryň ornuny tutýan arabaçylaryň arasynda ýüze çykýan meseleleriň hem öňüni almak ýaly işlere gözegçilik edipdirler.
Häzirki wagtda bu asylly işler Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň üstüne ýüklenýär. Bu gullugyň agzybir işgärleri döwrebap ýollarda häzirki zaman ulaglaryna erk edýän sürüjileriň ýol hereketiniň düzgünlerini berk berjaý etmegini gazanmak ugrunda giň tagallalar edýärler.
Dürli ýyllarda ýol hereketiniň düzgünleri we ýol belgileriniň ulgamy döwrüň talabyna görä özgerip gelýär we ýylsaýyn kämilleşýär. Häzirki wagtda ýol hereketiniň düzgünleri we olary doly berjaý etmek çäreleri islendik döwletiň möhüm işleriniň hatarynda durýar. Ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmegiň, ulagy talabalaýyk dolandyrmagyň düzgünleri degişli merkezlerde nazary we amaly taýdan öwredilýär. Bu bolsa ýurduň çäginde sürüjileriň ýol hereketi bilen bagly bilimleriniň we ukyp-başarnyklarynyň artmagyna oňaýly täsir edýän möhüm şertleriň toplumydyr.
Ýol hereketiniň howpsuzlygyny gazanmak bu gün iň möhüm meseleleriň hataryndadyr. Bu işe her birimiziň işjeň gatnaşmagymyz bolsa bagtyýar ýaşaýşymyzyň, ýagty ertirimiziň kepilidir.
Ýalkap HUDAÝBERDIÝEW,
Gökdepe etrabynyň polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň wagyz-nesihat işleri boýunça gözegçisi, polisiýanyň uly leýtenanty.