Adam­zat ta­ry­hyn­da iň go­wy oý­lap ta­pyş­la­ryň bi­ri hem ýo­ly­şyk­dyr. Py­ýa­da­la­ryň we aw­tou­lag­la­ryň, kä­bir şä­her­de we­lo­si­ped­çi­le­riň he­re­ke­ti­ni saz­la­ýan bu en­jam hä­zir­ki wagt­da dur­mu­şy­my­zyň aý­ryl­maz bir bö­le­gi­ne öw­rül­di. Hat­da ýo­ly­şyk­syz ýo­la çyk­ma­gy göz öňü­ne ge­tir­mek hem müm­kin däl. Eý­sem, ýo­ly­şyk ha­çan oý­la­nyp ta­pyl­dy­ka?!
Is­len­dik oý­la­nyp ta­py­lan en­ja­myň il­ki­baş­da kä­mil bol­maý­şy ýa­ly, ýo­ly­şy­gyň hem uzyn we gy­zyk­ly ta­ry­hy bar. Adam­zat dur­mu­şyn­da en­tek aw­tou­lag se­riş­de­le­ri­niň oý­la­nyp ta­pyl­ma­dyk döw­rün­de il­kin­ji ýo­ly­şyk­lar peý­da bo­lup­dyr. Ýol he­re­ke­ti­ni saz­la­ýan bu en­jam tok bi­len däl-de, gaz bilen iş­läp­dir. Fo­na­ra meň­zeş ýo­ly­şy­gyň gy­zyl we ýa­şyl göz­le­ri bo­lup­dyr. De­mirýol­çy, iň­lis in­že­ne­ri Jon Pik Naý­tyň oý­lap ta­pan bu en­ja­my 1868-nji ýy­lyň ahy­ryn­da Lon­do­nyň uly kö­çe­le­ri­niň bi­rin­de ýer­leş­di­ri­lip­dir. Bir aý tö­we­re­gi ula­ny­lan bu en­ja­my el bi­len iş­let­me­li bo­lup­dyr. Ýö­ne bu en­jam oňyn ne­ti­je ber­män­dir.
Şä­her­ler­de he­re­ke­tiň kö­pel­me­gi bi­len ýo­ly ka­da­laş­dyr­ýan hem-de düz­gü­ne sal­ýan en­ja­ma ze­rur­lyk duý­lup baş­lan­ýar. Şeý­le­lik­de, 1923-nji ýyl­da ame­ri­kan in­že­ne­ri Gar­rett Mor­gan ýol he­re­ke­ti­ni saz­la­ýan en­ja­my oý­lap tap­ýar. Mor­gan bir­nä­çe sy­na­ny­şyk­dan soň elekt­rik to­gy bi­len iş­le­ýän ýo­ly­şy­gy iş­läp düz­ýär. Onuň dö­re­den gy­zyl we ýa­şyl göz­li ýo­ly­şy­gy­na gys­ga wagt­da duý­du­ry­jy sa­ry yşyk hem go­şul­ýar. «T» har­py­na meň­ze­di­lip ýa­sa­lan Mor­ga­nyň ýo­ly­şy­gy dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ry­na ýaý­ra­ýar. Elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän il­kin­ji ýo­ly­şyk 1914-nji ýyl­da ABŞ-nyň Oga­ýo şta­ty­nyň Kliw­lend şä­he­rin­dä­ki iň köp gat­naw­ly kö­çä­niň çat­ry­gyn­da go­ýul­ýar. On­da gy­zyl yşyk «dur», ýa­şyl yşyk «ýö­re» diý­me­gi aň­la­dyp­dyr. Reňk­le­riň çal­şy­gy ses bi­len duý­du­ry­lyp­dyr. 1926-njy ýyl­da il­kin­ji aw­to­ma­tik ýo­ly­şyk­lar peý­da bol­ýar. Reňk­le­riň nä­çe wagt­dan ça­lyş­jak­dy­gy­ny gör­kez­ýän san­ly ýo­ly­şyk­lar bol­sa, 1990-njy ýyl­lar­da py­ýa­da­lar üçin dö­re­dil­ýär. Soň­lu­gy bi­len aw­tou­lag­lar üçin hem san­ly ýo­ly­şyk­lar ula­ny­lyp baş­lan­ýar.
As­lyn­da, il­ki­baş­da ýo­ly­şyk­lar, has ta­ky­gy 1830-njy ýyl­da de­mir ýol ul­ga­myn­da peý­da bol­ýar. Ak we ýa­şyl çy­ra­ly de­mir ýol yşy­gy­ny saý­gar­mak­da kyn­çy­lyk­lar ýü­ze çy­kyp baş­la­ýar. Şeý­le­lik­de, de­mir ýol üçin hem aw­tou­lag ýo­lun­da­ky ýa­ly gy­zyl, ýa­şyl we sa­ry reňk­ler ula­ny­lyp baş­lan­ýar. Bu üç reň­kiň saý­la­nyp alyn­ma­gy­nyň se­bä­bi ola­ry saý­gar­mak beý­le­ki reňk­le­re gö­rä has aň­sat.

Ýatda saklaň!
Ýol he­re­ke­ti­niň ka­da­la­ry­ny ulu­lar bi­len bir ha­tar­da ça­ga­la­ryň hem bil­me­gi mö­hüm­dir. Mek­de­be gi­de­ni­ňiz­de ýol he­re­ke­ti­niň ka­da­la­ry­ny do­ly we dog­ry ber­jaý et­mek, il­ki bi­len, ýol bel­gi­le­ri­ni hem-de ýo­ly­şy­gyň çy­ra­la­ry­nyň ma­ny­sy­ny öw­ren­mek­den baş­lan­ýar. Eger-de ýol­da ak zo­lak­lar ýa-da «zo­lak­dan ýö­räp bar­ýan ada­myň şe­ki­li» bel­gi­si bar bol­sa, bu si­ziň ýol­dan ge­çip bil­jek­di­gi­ňi­zi aň­lad­ýar. Ýol­dan ge­çi­len­de il­ki çe­pi­ňe, ýo­luň mer­ke­zin­dä­ki çy­zy­ga go­laý­la­nyň­da bol­sa, sa­gy­ňa se­ret­me­li. Ýo­ly­şy­gyň bar ýe­rin­de ýol­dan ge­çi­len­de ýa­nyp-sön­ýän çy­ra­la­ra üns­ ber­me­li. Gy­zyl çy­ra ýan­ýan wag­ty ýol­dan geç­me­giň howp­lu­dy­gy­ny, sa­ry çy­ra­ «gö­zü­ni gyr­pan­da» ýö­re­mä­ge taý­ýar­lan­ma­ly­dy­gy­ny, ýa­şyl­ çy­ra ýa­nan­da ýö­räp baş­la­ma­ly­dy­gy­ny, me­ge­rem, hem­mä­miz bil­ýän bol­sak ge­rek.