1986-njy ýyldan bäri Ugandany dolandyryp gelýän Ýoweri Museweni ýurtda geçirilen saýlawlarda täzeden prezidentlige saýlandy. Ugandanyň Saýlaw komissiýasy saýlawlaryň netijelerini metbugat üçin maslahatda mälim etdi.
Saýlawa gatnaşyk 52,9% bolup, häzirki Prezident Museweni, takmynan, 8 million ses (sesleriň 70 göterimi) alyp, gaýtadan ýeňiş gazandy.
1986-njy ýyldan bäri häkimiýet başynda oturan Museweni, bu gezek ýedinji möhlet üçin dalaşgär boldy. Ol konstitusiýa girizilen we prezidentlik möhletiniň sanyna hem-de ýaş çäklendirmesine goýlan çäklendirmeleri aýyrýan üýtgeşmeler sebäpli täzeden dalaşgär bolmaga hukuk gazandy.
Häzirki wagtda 81 ýaşynda bolan Museweni, Afrikanyň iň uzak wagtlap häkimiýetde galan liderleriniň biridir. Takmynan, 45 million ilaty bolan Ugandada 21,6 million töweregi hasaba alnan saýlawçy bar.