Yragyň demirgazyk sebitinde arheologlar abat saklanyp galan 3 müň ýyllyk küýzegärlik ussahanasyny ýüze çykardylar. Bu tapyndy gadymy Ýakyn Gündogardaky hünärmentçilik önümçiligi, şäher durmuşy we jemgyýetçilik gurluşy barada möhüm maglumatlary berýär.
Demir eýýamyna degişli bolan bu ussahana Dinka obasynda tapyldy. Germaniýanyň Tübingun uniwersitetiniň alymlarynyň aýtmagyna görä, ussahana, takmynan, b.e. öňki 1200–800-nji ýyllara degişlidir. Barlagyň netijeleri “Journal of Archaeological Science” žurnalynda çap edildi.
Arheologlar barlag wagtynda iki sany peç, keramika böleklerini, ýangyç galyndylaryny we gatlakly çökündileri ýüze çykardylar. “Naked Science” neşiriniň habar bermegine görä, bu tapyndylar çig palçygyň işlenilişinden başlap, taýýar gap-gaçlara çenli bolan bütin önümçilik zynjyryny öwrenmäge mümkinçilik berdi. Alymlaryň pikiriçe, bu gadymy Ýakyn Gündogaryň küýze önümçiliginiň iň giňişleýin barlaglarynyň biridir.
Esasy barlag geçiriji Silwiýa Amikone ussahananyň gowy saklanmagy netijesinde ähli önümçilik tapgyrlaryny dikeltmegiň başardandygyny belledi. Topar çig palçygy, taýýar gaplary, peçleriň içki örtüklerini we ýangyç yzlaryny içgin öwrendi. Netijede, ussahanalaryň ulgamlaýyn we modul esasyndaky önümçilik tertibi bilen işländigi anyklandy. Ol diňe bir ýerli obany däl, eýsem tutuş sebiti gap-gaç bilen üpjün edipdir.
Barlaglaryň görkezişi ýaly, küýzegärler pes temperaturada bişirmek usullaryndan peýdalanypdyrlar. Keramika önümleriniň berk düzgünler esasynda ýasalmagy, hünärmenleriň ýokary tehniki derejä eýe bolandygyny görkezýär. Alymlar bu düzgünleriň nesilden-nesle geçirilendigini we ussalaryň harydyň hili üçin önümçilik tapgyrlaryna örän dykgatly gözegçilik edendigini belleýärler.
Bu açyş Demir eýýamynyň ussahanalarynyň tertipsiz we ýönekeý bolandygyny öňe sürýän garaýyşlary üýtgetdi. Tapyndy şol döwürde hem işleriň gowy guralanlygyny, amallaryň biri-birine baglydygyny we hünärmenleriň umumy däplere eýerendigini subut etdi. Bu bolsa öz gezeginde sebitara söwdanyň we gatnaşyklaryň ösmegine ýol açypdyr.