25-nji aprelde hormatly Prezidentimiziň geçiren sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistan bilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň bu gurama bilen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen birnäçe teklipler beýan edildi. Şolaryň hatarynda şu ýylyň 20-21-nji iýunynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän YHG-nyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 51-nji mejlisiniň işine türkmen wekiliýetini gatnaşdyrmak we onuň dowamynda ýurdumyzyň başlangyjy esasynda «Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýurtlarynda we bütin dünýäde halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny» atly Kararnamanyň kabul edilmegini gazanmak; 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli YHG-nyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň çäklerinde parahatçylyga bagyşlanan maslahaty guramak baradaky teklipler bar. Şeýle hem geljek ýyllaryň dowamynda bu guramanyň mowzuklaýyn mejlislerini, hususan-da, ulag, energetika, bilim, oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ýaly ugurlary boýunça ministrler derejesindäki maslahatlaryny ýurdumyzda geçirmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek; şu ýylyň 1-2-nji iýulynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Azyk howpsuzlygy boýunça yslam guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýedinji mejlisine ýurdumyzyň wekiliýetiniň gatnaşmagy baradaky teklip beýan edildi.
Hormatly Prezidentimiz Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy işiniň wajyp ugurlarynyň biriniň halkara guramalar bilen gatnaşyklary ösdürmekden ybaratdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyz bilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi mundan beýläk-de dowam etdirmegiň möhümdigini belläp, bu ugurdaky teklipleri goldady we wise-premýer, daşary işler ministrine degişli tabşyryklary berdi.