Ýurdumyzyň deňiz kenarlarynda, akar suwlaryň boýlarynda, dag eteklerinde, sähralyklarda dürli ösümlikler, guşlar we beýleki janly-jandarlar duş gelýär. Şeýle jandarlaryň biri hem gum pişikleridir. Bu jandarlar, adatça, yssy, gurak sebitlerde ýaşaýarlar. Olaryň ýaşaýan ýerleri çöllerden başlap, ösümligiň örän seýrek duş gelýän, gyrymsy agaçlar bilen örtülen gaýaly jülgelere çenli dürli tebigy şertlerde duş gelýär. Gyş paslynda kä halatlarda obalar, ilatly ýerlere aralaşsalar-da öý mallaryna, towuklara, pişiklere hüjüm etmeýärler. Gum pişikleri beden çyglylygyny iýmitden alyp uzak wagtlap, suwsuz ýaşamaga ukyplydyrlar. Olar, köplenç, medeni zonalardan uzaklarda mesgen tutunýandyrlar. Ýabany pişikleriň kiçiräk görnüşi bolan bu jandar açyk çal, çägesöw reňkli bolup, käbirinde garamtyl zolaklar hem bolýar. Göwresiniň uzynlygy bary-ýogy 50 santimetr töweregidir. Olaryň kiçijik gulagy bolup, hininiň içinde arkaýyn hereket edip bilýär. Gum pişiginiň eşidiş duýgurlygy öý pişiginiňkiden has ýitidir. Jandar, adatça, gündiz hininde ýatyp, gijelerine aw edýär. Gum pişikleriniň esasy iýmiti mör-möjekler, ownuk gemrijiler, oňurgasyz jandarlar, towşanlar, zäherli ýylanlar we gijesine uçýan guşlar hasaplanýar. Gum pişigiň penjeleriniň aşaky böleginde galyň sütükli örtük bolýar. Bu örtük jandaryň gyzgyn çägede arkaýyn hereket etmegine kömek edýär. Şeýle hem bu tüýjagazlar jandaryň aýak yzyny galdyrmaýar. Netijede, ony yzarlap tapmak aňsat bolmaýar.
Gunça Pamyýewa, Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň işgärler boýunça hünärmeni.
PDF









