Ýaponiýada, Koreýada, Taýwanda we Hytaýda Täze ýyl baýramynyň tamamlanmagy mynasybetli yşyk festiwaly geçirilýär. Bu baýramçylyk her ýyl başga bir güne düşüp, uzak Gündogar ýurtlarynda ulanylýan Aý senenamasynyň birinji aýynyň 15-nji gününde – täze ýylyň ilkinji dolan Aýynyň görünýän gijesinde geçirilýär. Bu festiwal Täze ýyl mynasybetli geçirilýän dabaralaryň tamamlanandygyny aňladýar. Adamlar ýagşy umyt-arzuwlar bilen şemiň ýylysy arkaly howa göterilýän çyralary uçurýarlar. Bu baýramçylygyň iki müň ýyldan bäri dürli dabaralar bilen bellenilýändigi aýdylýar. Yşyk festiwaly gyşyň tamamlanyp, baharyň gelendigini aňladýar.
Bu festiwal uzak Gündogar ýurtlaryna müňlerçe syýahatçyny çekýär. Garaňky gatlyşmagy bilen çyralaryň asmana uçurylmagy täsin gözelligi emele getirýär. Syýahatçylyk bilermenleri bu baýramçylyga dünýäniň iň gowy gyşky gezelençleriniň sanawynyň ýokarky basgançaklarynda orun berýärler.
Gülälek HAÝDAROWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.
PDF









