Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda döreden medeni mirasyny gorap saklamak, ylmy esasda çuňňur öwrenmek we seljermek, milli gymmatlyklarymyzy dikeltmek ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Türkmen halky köp asyrlyk taryhynyň dowamynda adamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna mynasyp goşant goşupdyr. Häzirki döwürde ýurdumyzda ençeme döwletler bilen diplomatiki gatnaşyklar alnyp barylýar, dünýä döwletleri, halkara guramalary, BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri, şol sanda ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. 1945-nji ýylyň noýabr aýynda döredilen ÝUNESKO-nyň esasy wezipesi bilim, ylym, medeniýet ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek arkaly ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmaga ýardam etmekden ybaratdyr. Türkmenistan 1993-nji ýylyň 17-nji awgustynda bu guramanyň doly hukukly agzalygyna kabul edilip, şondan bäri geçen döwürde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk hil taýdan täze derejä çykaryldy.
Ýurdumyzda soňky ýyllarda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň gatnaşmagynda bilim ojaklarynda ÝUNESKO kafedralary hem-de klublary döredildi. ÝUNESKO klublarynyň açylmagy ýaşlaryň döredijilik we ylmy-barlag işjeňligini kemala getirmek, ýurdumyzyň medeni gymmatlyklary, däp-dessurlary baradaky bilimlerini ýokarlandyrmak babatda uly ähmiýete eýedir.
Klublaryň işjeň agzalary dürli derejeli çäreleri geçirýärler, ýaşlaryň sowatlylygyny artdyrmakda ýurt derejesinde onlaýn maslahatlary, breýn-ring akyl bäsleşiklerini, dürli ugurly festiwallary, umumy sapaklary we treningleri guraýarlar. Ýurdumyzda hereket edýän ÝUNESKO klublarynda we kafedralarynda halkara hyzmatdaşlygyň döwrebap mümkinçiliklerinden işjeň peýdalanylýar. Häzirki wagtda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda, Türkmen oba hojalyk institutynda, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde aýry-aýry ugurlara bagyşlanan ÝUNESKO klublary üstünlikli hereket edýär. Türkmenistanyň 6 sany orta mekdebi bolsa, ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepleriniň toruna girizildi.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde Arkadag şäherinde talyp ýaşlaryň okap, bilim almaklary üçin gurlup ulanmaga berlen, halypa bagşymyz Sahy Jepbarowyň adyny hormat bilen göterýän ýörite sungat mekdebinde hem türkmen halkynyň köp asyrlyk sungaty bolan aýdym-sazyň dürli ugurlary, tans sungaty, şeýle-de şekillendiriş sungaty we dizaýn bölümleri boýunça ýaşlara ylym-bilim we hünär öwredilýär.
Türkmen halkynyň gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli aýdym-saz sungatynyň, milli dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi ýörite sungat mekdebimiziň bagtyýar talyp ýaşlary bilen bilelikde biz – mugallymlary hem diýseň buýsandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň: «Milli aýdym-sazlar göwünleri, kalplary birleşdirýär, medeni gatnaşyklar halklary biri-birine ýakynlaşdyrýar» diýen parasatly jümleleri dünýä halklarynyň kalbynda dostluga, ynsanperwerlige, parahatçylyga seslenýän müdimilik aýdym bolup ýaňlanýar. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, bagtyýar halkymyzyň röwşen geljegi üçin alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.
Begsenem Hojanýazowa,
Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň mugallymy.
PDF









