Bütin dünýäde uly ýaşlylaryň, takmynan, 770 milliony okap ýa-da ýazyp bilmeýär, olaryň üçden iki bölegi bolsa zenanlar. Bu barada ÝUNESKO-nyň baş müdiri Odri Azule uly ýaşlylaryň bilimi boýunça 7-nji halkara konferensiýasynda aýtdy.
BMG-niň we ÝUNESKO-nyň maglumatlaryna görä, ilatyň sowatlylygy taýdan iň kyn mesele Afrika ýurtlarydyr. Bu görkeziji boýunça antikord Somali degişlidir, bu ýerde ilatyň 15 we ondan uly ýaşlylaryň arasynda diňe 5%-i okap we ýazyp bilýär. Ikinji orny Çad (22%), üçünji orny Mali (31%) eýeleýär. 2019-njy ýylda dünýä ilatynyň 86%-den gowragy sowatlydy. 1979-njy ýylda diňe 68% okap we ýazyp bilýärdi. Şeýle-de bolsa, ÝUNESKO-nyň habaryna görä, koronawirus pandemiýasy köp ýurtda bilime päsgelçilik döretdi. Guramanyň maglumatlaryna, sanitariýa ýagdaýy sebäpli mekdepleriň ýapylmagy netijesinde, ýarym milliarddan gowrak adam okamagy we ýazmagy öwrenmegi dowam etdirip bilmedi.
 PDF
 PDF 
		

 
                         