ABŞ-nyň Ae­ro­kos­mos eda­ra­sy (NA­SA) Ýu­pi­te­riň hem­ra­sy «Eu­ro­pa» git­mek üçin «SpaceX» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ra­ke­ta­syn­dan peý­da­la­nar. Tas­la­ma­ny dur­mu­şa ge­çir­mek üçin 178 mil­li­on dol­lar­lyk şert­na­ma bag­la­şyl­dy. 2024-nji ýyl­da dur­mu­şa ge­çi­ril­jek tas­la­ma­nyň çäk­le­rin­de as­man ji­si­min­de ýa­şaý­şyň ala­mat­la­ry göz­le­ner. Alym­lar «Eu­ro­pa»-nyň buz­ly ör­tü­gi­niň as­tyn­da um­ma­nyň bo­lup bil­jek­di­gi­ni çak­la­ýarlar. Tas­la­ma­nyň çäk­le­rin­de uçu­ryl­jak «Falcon Heavy» at­ly gö­te­ri­ji ra­ke­ta as­man ji­si­mi­niň ýa­nyn­dan 45 ge­zek ge­çip, oňa 26 km go­laý­lar. Şeý­le­lik­de, as­man ji­si­mi­niň ýü­zi ýo­ka­ry dur­ulyk­da­ky su­ra­ta al­nar, buz­ly gat­la­gyň dü­zü­mi we ga­lyň­ly­gy anyk­la­nar, ýe­ras­ty um­ma­nyň çuň­lu­gy öl­çe­ner.
«Falcon Heavy» at­ly ra­ke­ta gö­te­ri­len wag­ty se­kiz sa­ny «Boeing 747» uça­ry­nyň­ka ba­ra­bar bo­lan ýagny, 2 müň 300 ton­na güýji eme­le ge­tir­ýär.
2002-nji ýyl­da esas­lan­dy­ry­lan «SpaceX» kom­pa­ni­ýa­sy kos­mos­da yl­my iş­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­me­ýär. Em­ma kos­mo­sa ýük we ast­ro­nom uçuş­la­ry­ny ama­la aşyr­ýar. Şeý­le hem kos­mos ar­ka­ly in­ter­net üp­jün­çi­li­gi­ni ýo­la goý­ýar. Kom­pa­ni­ýa­nyň iş­läp taý­ýar­lan «Crew Dra­gon» at­ly kos­mos gä­mi­si il­kin­ji ge­zek ge­çen ýyl NA­SA-nyň ast­ro­nawt­la­ry­ny Hal­ka­ra kos­mos be­ke­di­ne äki­dip­di.