Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň 25-nji awgustyndaky Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanyň halkara sergi işiniň 2024-2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmek boýunça degişli çäreler görülýär. Konsepsiýanyň çäklerinde Halkara sergiler býurosy bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça 2023 — 2025-nji ýyllar üçin Milli meýilnama işlenip taýýarlanyldy we häzirki wagtda bu resminama bellenen tertipde amala aşyrylýar.
Geljek ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda Halkara sergiler býurosy bilen bilelikde oba hojalyk ugry boýunça ýöriteleşdirilen EKSPO halkara sergisini geçirmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek we bu babatda deslapky taýýarlyk işlerini geçirmek baradaky teklip hödürlenildi. Şeýle-de agzalan sergini Türkmenistanda geçirmek boýunça ýörite gaznany döretmek babatda çäreleri görmek we şunuň bilen baglylykda, iri halkara kompaniýalar bilen gepleşikleri geçirmek teklip edilýär.
Ýurdumyzyň halkara sergi işini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge, Türkmenistanyň öňümizdäki Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergilerine ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek üçin degişli işleri amala aşyrmaga gönükdirilen degişli resminamalaryň taslamalaryny taýýarlamak bilen bagly teklipler taýýarlandy. Şolaryň hatarynda 2027-nji ýylyň 19-njy marty — 26-njy sentýabry aralygynda Ýaponiýanyň Ýokogama şäherinde geçiriljek ekologiýa we tebigaty goramak meselesine bagyşlanan «Green EKSPO — 2027» hem-de 2027-nji ýylyň 15-nji maýy — 15-nji awgusty aralygynda Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde «Oýun adamzat üçin: sport we saz hemmeler üçin» diýen şygar astynda geçiriljek «EKSPO — 2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergileri bar. Şeýle-de türkmen hünärmenleri üçin sergi-ýarmarka işi boýunça dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň we halkara guramalaryň wekilleri bilen okuw maslahatlaryny guramak, daşary ýurtlardaky okuw merkezlerinde olaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmak maksady bilen, 2025 — 2027-nji ýyllar üçin degişli Maksatnamany taýýarlamak teklip edilýär.
Bu barada 18-nji aprelde geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hasabat berdi.