21-nji ýanwarda geçirlen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisine taýýarlyk görmek hem-de 2021-nji ýylyň jemlerini jemlemek bilen bagly işler barada hasabat berdi.

Wise-premýeriň hasabat berşi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, ýurdumyzy geljekki 30 ýylyň dowamynda ösdürmek maksatnamasynyň taslamasyny işläp taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar. Şunda ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde görkezijileri hem-de çaklanylýan maglumatlary taýýarlamak boýunça sazlaşykly işler alnyp barylýar.

Wise-premýer pudaklaryň 2021-nji ýyl üçin önümçilik görkezijileriniň ýerine ýetirilişine hem-de olaryň maliýe-ykdysady ýagdaýyna seljerme bermek boýunça alnyp barylýan işler barada hem hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, “Ýurdumyzy 2022-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy” işlenip düzüldi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, sebitleri toplumlaýyn ösdürmek, ilatyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak hem-de “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda durmuş ugurly syýasaty amala aşyrmak bilen baglanyşykly çäreler göz öňünde tutuldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistany geljek 30 ýyllyk döwürde ösdürmegiň maksatnamasyny işläp taýýarlamaga jogapkärli çemeleşmegiň wajypdygyny belledi. Resminamada Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzy täze taryhy eýýamda syýasy, ykdysady, durmuş hem-de medeni ugurlarda ösdürmegi üpjün etmäge gönükdirilen ileri tutulýan wezipeler kesgitlenilmelidir.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere bu işi degişli düzümler bilen utgaşykly alyp barmak, şonuň ýaly-da, Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin ähli zerur çäreleri görmek tabşyryldy.