Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetinde giň gerimli özgertmeler yzygiderli amala aşyrylýar we uly ösüşler gazanylýar. Häzirki wagtda ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda bank ulgamy hem uly ösüşleri başdan geçirýär.
Ýurdumyzyň bank ulgamynda geçirilýän özgertmeleriň esasynda bank kanunçylygy häzirki döwrüň talaplaryna laýyk getirilýär, hereket edýän banklaryň we olaryň şahamçalarynyň sany artdyrylýar, müşderilere edilýän bank hyzmatlarynyň hili ýokarlanýar, fiziki we ýuridiki şahslara berilýän karzlaryň, galyberse-de kiçi we orta telekeçilik üçin berilýän karzlaryň möçberi artdyrylýar. Şeýle-de, bank ulgamynyň iň döwrebap tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan karz edaralarynyň täze binalary gurlup ulanmaga berilýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň bank ulgamyna dünýä innowasiýalaryny ornaşdyrmak, bu ulgamyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak, bilim derejesini dünýäniň ösen ýurtlarynyň hataryna çykarmak ugrunda köp işler amala aşyrylýar. Şonuň esasynda häzirki wagtda bank ulgamynyň hünärmenleri üçin daşary ýurtlaryň abraýly banklarynyň we maliýe edaralarynyň tejribeli bilermenleriniň gatnaşmagynda onlaýn görnüşinde yzygiderli okuw maslahatlary geçirilýär. Bu işler bolsa döwrebap özgertmeleri durmuşa geçirmekde özüniň oňyn netijesini berýär.
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň alyp barýan pul-karz syýasaty ýurduň ykdysady syýasatynyň düzüm bölegi hökmünde özara arabaglanyşynda ýüze çykýar. Muňa mysal edip: ýurtda pul dolanyşygynyň kämilleşdirilip, pul birliginiň satyn alyş ukyplylygynyň durnuklylygynyň üpjün edilýändigini, karz serişdeleriniň elýeterliliginiň, ykdysadyýete ýerlenýän karz serişdeleriniň möçberleriniň artdyrylýandygyny, bank aktiwleriniň likwidliginiň saklanylýandygyny, ykdysadyýetiň esasy ulgamlaryny ösdürmäge niýetlenen maliýe goldawynyň pugtalandyrylýandygy netijesinde, kärhanalaryň maliýe-ykdysady ýagdaýynyň has-da gowulandyrylýandygyny görkezmek bolar.
«Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli Maksatnamasyna» laýyklykda, özgertmeleriň möhüm ugurlarynyň biri bolan, Türkmenistanyň pul-karz syýasatyny kämilleşdirmek öňegidişligi häsiýetlendirýän pul-karz çärelerine degişlidir. Ýurdumyzyň pul-karz syýasatynyň esasy maksady jemi içerki önümiň ösüşine ýardam bermek we puluň hümmetsizlenmegini peseltmek ýaly çäreleri durmuşa geçirmekden ybaratdyr. Milli puluň hümmetini durnukly derejede saklamak we banklaryň durnuklylygyny gazanmak karz edaralarynyň baş maksady bolup durýar.
Soňky ýyllarda ýurdumyzyň bank ulgamynda netijeli çäreler geçirildi we uly üstünlikler gazanyldy. Şol üstünlikler hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimizi okgunly ösdürmäge, onuň daşarky ýagdaýlaryň ýaramaz täsirine durnuklylygyny üpjün etmäge, Türkmenistanyň dünýä bazaryndaky ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilen çuňňur oýlanyşykly syýasatynyň netijesidir. Bu bolsa Türkmenistanyň öňegidişlik gazanyp, has sazlaşykly ösýän döwletleriň hataryna ymykly goşulandygyny görkezýär. Ähli ulgamlarda düzümler düýpli özgerdilýär, munuň özi dürli pudaklaryň yzygiderli we oýlanyşykly ösdürilmegini üpjün etmäge mümkinçilik berýär.
Geljekde milli ykdysadyýete daşary ýurt maýa goýumlaryny giňden çekmek bilen bagly işleriň gerimini has-da giňeltmek göz öňünde tutulýar. Çünki daşary ýurt maýasyny milli ykdysadyýete çekmeklik üçin Türkmenistan döwletimizde ähli şertler bar. Olar:
Döwletiň ykdysady ösüşiniň ýokary derejesi
Ýurduň dünýä söwdasyna işjeň gatnaşmagy
Kapitalyň hereket etmegi üçin ykdysady we ýuridiki şertler
Ösen bank ulgamy
Salgyt kanunçylygy
Ýurduň amatly geografik ýerleşişi
Syýasy taýdan durnuklylyk.
Bu şertler daşary ýurt maýadarlarynda ýurdumyza bolan islegi has hem artdyrýar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan «Açyk gapylar» syýasaty, daşary ýurt maýa goýumlarynyň goraglylygynyň kanunçylyk arkaly kepillendirilmegi, kanunçylyk binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi hut şol wezipeleriň berjaý edilmegine gönükdirilendir. Bu işleriň sakasynda bolsa hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty bar. Goý, hormatly Prezidentimiziň belent başy aman, il-ýurt bähbitli alyp barýan tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç bolsun!
Ahmet GYŞYKOW,
TMÝG-nyň Ahal welaýat geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.