Futbol boýunça Türkmenistanyň Ýokary Ligasynyň täze möwsümine badalga berildi. 1-nji tapgyryň çäginde geçirilen 3 oýunda-da ýer eýeleri gol geçirtmezden 3 utuk alyp, täze möwsüme ýeňiş bilen başlady. Möwsümiň açylyş duşuşygynda “Ahal” öz meýdançasynda “Nebitçini” 2-0 hasabynda utdy. Her ýarymda 1 gol geçiren “Ahalyň” adyndan 38-nji minutda Magtymberdi Berenow bilen 73-nji minutda Gurban Annaýew tapawutlandy. Beýleki 2 duşuşykda-da ýer eýeleri iň kiçi hasap bilen ýeňiş gazandy. Ýagny “Altyn Asyr” öz meýdançasynda “Aşgabat” toparyny, “Şagadam” bolsa “Merwi” 1-0 hasaplar bilen utdy. Duşuşyklarda “Altyn Asyryň” goluny 79-njy minutda Zafar Babajanow, “Şagadamyň” goluny-da 13-nji minutda Hydyrgeldi Atdjanow geçirdi. “Altyn Asyr” – “Aşgabat” duşuşygynda ýer eýelerinden Şöhrat Söýünow 24-nji minutda gyzyl kart aldy. Umumylykda duşuşykda emin “Altyn Asyrdan” 4 futbolça hem-de baş tälimçä sary kart görkezdi. Tapgyryň 4-nji duşuşygy – “Arkadag” bilen “Köpetdagyň” arasyndaky oýnuň wagty ýurdumyzyň çempionynyň AFK Çagyryş Ligasyndaky duşuşygy sebäpli soňa süýşürildi.