23-nji maýda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew milli raýat awiasiýasy pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda ulag ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek babatda zerur işler durmuşa geçirilýär. Şunda raýat awiasiýasynyň düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagyna, iň täze enjamlar bilen üpjün edilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi Ýewropanyň we Aziýanyň söwda ulag ýollarynyň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistana üstaşyr ulag geçelgelerini işjeňleşdirmek üçin amatly mümkinçilikleri döredýär. Şunuň bilen baglylykda, agentligiň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiziň garamagyna bu ugurda alnyp barylýan işleri has-da ilerletmek bilen bagly degişli teklibi hödürledi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Halkara howa menzillerinde döwrebap şertleri döretmäge, halkara talaplara laýyk gelýän awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge möhüm ähmiýet berilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Halkara howa menzillerinde uçuş barlaglaryny ýerine ýetirmek bilen bagly teklipleri makullap, agentligiň ýolbaşçysyna degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.